Sepleriň elýeterliligi

Belarus: Öňki resmi tussag edildi


Belarusyň öňdebaryjy hokkeý komandasynyň öňki ýolbaşçysy tussag edildi. Belarusyň Derňew komitetiniň penşenbe güni beren maglumatyna görä, Eduard Zotau pul ogurlamakda we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar.

Zotau Minskde gurulmaly “Çyzhouka-Arena” atly sport merkeziniň gurluşygyna jogapkärdi. Bu sport merkezinde 2014-nji ýylyň maý aýynda erkekleriň arasynda buz hokkeýi boýunça Dünýä çempionatynyň geçirilmegine garaşylýar.

Başlangyçda bu sport merkeziniň gurluşygynyň 2011-nji ýylyň ortalaryna tamamlanmagyna garaşylýardy. Ýöne soňra bu sene soňa süýşürildi. Soňky maglumatlara görä, sport merkeziniň gurluşygy 15-nji dekabrda tamamlanar.

Ýakynda prezident Aleksandr Lukaşenko sport merkeziniň gurluşygynyň yza galmagy bilen bagly Minskiň dolandyryjylaryny köpçülikde tankyt edipdi.
XS
SM
MD
LG