Sepleriň elýeterliligi

Kerri täze sanksiýalardan saklanmaga çagyrýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Kongres tarapyndan Eýrana garşy täze sanksiýalary girizmek boýunça ädilen islendik ädim Eýranyň ýadro programmasy babatdaky dawa parahatçylykly çözgüt tapmak üçin alnyp barylýan diplomatik tagallalara zyýan ýetirer diýýär.

Kerri bu sözleri çarşenbe güni, Senatyň bank işleri baradaky komitetiniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçen brifiňinden öň aýtdy. Bu brifiňde, güman edilýän ýadro programmasy sebäpli, Tährana garşy görülmeli täze temmi çäreleri ara alnyp maslahatlaşylmalydy.

Kerri Birleşen Ştatlaryň we beýleki dünýä döwletleriniň Eýran bilen, ýadro eglişikleriniň deregine sanksiýalary çäklendirmek arkaly, geçiş ylalaşygyny baglaşmagy goldaýandyklaryny aýtdy.

"Biz bu sanksiýalary özümizi gepleşik geçirip bilmek üçin mümkin bolan güýçli pozisiýada goýmak üçin girizdik. Biz indi gepleşik geçirýäris, eger-de Kongres sanksiýalary artdyrmak boýunça birtaraply çäre görse, bu şol gepleşiklere bolan ynamy azaldyp, hakykatda olaryň togtadylmak, bölünmek töwekgelligini döredýär."

Biraz öň Wekiller öýüniň Daşary meseleler komitetiniň başlygy Ed Roýs (R-Ca) "Eýran režimi özüniň ýadro programmasyna ara bermedi. Biz näme üçin, adminstrasiýanyň Kongrese basyş edişi ýaly, özümiziň sanksiýa tagallalarymyza ara bermeli?" diýdi.

Demokrat we respublikan kanunçykaryjylar diplomatiýa has köp wagt bermelimi ýa däl diýen meselede iki bölündi. Prezident Barak Obama bu gapma-garşylygy bahymrak soňlamak boýunça hem ýurt içinden, hem ýurt daşyndan basyşa sezewar bolýar.

Obama çarşenbe güni telefonda Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland bilen gepleşdi. Ak tamyň ýaýradan beýanatynda "iki ýurduň Eýran babatda doly ylalaşýandygy" aýdylýar.

Gepleşikleriň geçen hepde bolan tapgyry hem anyk bir netijesiz soňlanansoň, dünýäniň alty döwletiniň, ABŞ-nyň, Orsýetiň, Hytaýyň, Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň arasynda ylalyşmazlyklaryň dörändigi hakynda gürrüň edildi.

Birleşen Ştatlaryň resmileri biraz soň ylalaşyga razy bolup bilmedigiň Eýran bolandygyny aýtdylar, emma Tähran muny sorag astyna aldy.

Bu gepleşikler indiki hepde gaýtadan geçirilmeli.

Eýran özüniň ýadro programmasyny ýaşyrynlykda ýadro ýaragyny edinmek üçin ulanýandygyny inkär edýär, emma Günbatar şeýle güman edýär.
XS
SM
MD
LG