Sepleriň elýeterliligi

Bolgar studentleri hökümeti agdarjak bolýar


Protestçiler Medeniýet köşgüniň öňünde, Sofia, 12-nji maý, 2013

Protestçiler Medeniýet köşgüniň öňünde, Sofia, 12-nji maý, 2013

Bolgar studentleri hökümeti agdarmak ugrundaky tagalllaryny güýçlendirýärler, olar bu hökümetiň giň ýaýran korrupsiýa we garyplyga çäre tapyp bilmändigini aýdýarlar. Bu gozgalaň eýýäm şu ýyl Ýewropa Bileleşiginiň iň garyp ýurdunda bir hökümetiň synmagyna getirdi.

Studentleriň paýtagtyň köçelerinde hökümetiň işden çekilmegini talap edip guraýan protestleriniň güýçlenmegi netijesinde Bolgariýadaky gozgalaň barha möwjemek bilen.

Şu gün (14-nji noýabrda) ýüzlerçe student Sofiýadaky parlament binasynyň töwereginde geçirýän protetstlerini üçünji gün hem dowam etdirdiler. Olar sosilistleriň ýolbşaçylygyndaky hökümetiň işden çekilmegini we irki saýlawlaryň çagyrylmagyny talap edýärler.

Bu protestler studentleriň Ýewropa Bileleşiginiň iň garyp ýurdundaky garyplyk ýagdaýynda täze hökümetiň gümürtik biznesmenler bilen ilteşiklerine garşy dowam edýän kampaniýalarynyň bir bölegi bolup durýar.

Olar soňky üç hepdede ýurduň çar künjegindäki uniwersitetleri eýeläp, gündelik diýen ýaly protest ýygnanyşyklaryny geçirdiler. Şeýle-de olar 10-njy noýabrda paýtagt Sofiýanyň merkezinde müňlerçe adamyň «adalat üçin ýörişini» gurnadylar.

Demonstrantlar häzire çenli diňe gozgalaňy ýatyrjak bolup çytraşmakdan başga zat etmeýän häkimiýetleri öz talaplaryny ýerine ýetirip bilmezlikde aýyplaýarlar.
Bir adam parlament binasynyň öňünde saz çalýar, 24-nji iýul, 2013.

Bir adam parlament binasynyň öňünde saz çalýar, 24-nji iýul, 2013.


Şu hepdäniň başynda parlamentiň daş işigindäki çaknyşyklarda ýaralanan iňlisçe gürleýän student Alexander Popow şeýle diýýär:

"Olar bizi ýuwaşatmak üçin ähli zady etmäge taýýar. Olar biziň korrupsiýa, oligarhiýa, olaryň ählisiniň bilelişip döreden we dolandyrmak üçin juda amatly hasaplaýan sistemalaryna garşy çykmagymyzy islemeýärler."

Çuň kök uran problemalar

Bolgariýanyň çuň kök uran problemalary mundan öňki hökümetiň, merkez-sagçy azlygyň hem fewral aýynda synmagyna getiripdi.

Emma premýer-ministr Plamen Oreşarski tarapyndan düzülen täze hökümet hem, korrupsiýa aýyplamalary sebäpli, köp goldawyny ýitirdi.

Dolandyryjy koalisiýanyň kiçi partnery bolan MRF partiýasynyň başlygynyň orunbasary şu aýyň başynda işden çekildi. Ol şondan bäri salgytdan gaçmak we pul ýuwmak aýyplamalary sebäpli derňew astynda.

Protestleriň soňky tolkuny ýurduň Konstitusiýa sudunyň mediýa läheňi Delýan Peýewskiniň, milli howpsuzlyk boýunça kuwwatly döwlet gullugyna başlyk bellenendigine garamazdan, parlamentdäki ornuny gaýtadan eýelemegine rugsat bermegi sebäpli möwjäp galdy.

Iýunda Peýewskiniň wezipä bellenmegi uly galmagal döretdi we bu ýagdaý parlamentiň, protestler sebäpli, öz kararyny yzyna almagyna getirdi.

Çäre görülmeýän korrupsiýa

Emma bolgariýaly protestçileriň köpüsi tarapyndan ýazgarylýan hökümet korrupsiýasy, korrupsiýa garşy çäre görülmezligi welin azalmady.

Sofiýada ýaşaýan žurnalist Tatiana Waksberg şeýle diýýär:

"Jenaýatlar hiç wagt jezalandyrylmaýar. Döwletiň sud sistemasy zordan işleýär, eger ýokary derejeli guramaçylykly jenaýat işleri bolsa, hiç wagt netije çykmaýar. Bize bu hili işleýän dowlet we döwlet gurluşlary nämä gerek."

Şu wagta çenli geçirilen protestler, umuman, parahatçylykly boldy.

Demonstrasiýaçylar zorluksyz taktikalary we öz talaplarynyň ýerine ýetirilmegini talap etmek üçin ýumory ulandylar, ýagny Oreşarskini «zombi» görnüşinde şekillendirdiler, hökümete ygrarly Konstitusiýa suduny bolsa eBay auksionyna, internet satuwyna çykardylar.

Bolgariýalylaryň barha artýan lapykeçiligi käbir halatlarda agyr betbagçylyga, adamlaryň özlerini heläklemeklerine hem alyp gelýär. Mysal üçin, şu ýylyň başynda, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň çydamsyz derejede pesligine garşy protest bildirip, azyndan dokuz adam özüni heläkledi we bu ýagdaý öňki hökümetiň synmagyna alyp geldi.

Pikir soraşlyklar soňky protestleri ilatyň 60 protest çemesiniň golaýandygyny görkezýär. Olar Bolgariýada soňky 24 ýyldaky, kommunistik dolandyryş synaly bäri dowam edýän korrupsiýadan, syýasy durnuksyzlykdan, ykdysady ýetde-gütdelikden halys ýadandyklaryny aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG