Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň Owganystandan ähli goşunlaryny çykarmagy mümkin


ABŞ-nyň Owganystandaky howa bazasynyň ýapylyş çäresi, Host, 14-nji noýabr, 2013.

ABŞ-nyň Owganystandaky howa bazasynyň ýapylyş çäresi, Host, 14-nji noýabr, 2013.

ABŞ we Owganystan uzak möhletli howpsuzlyk ylalaşygyny baglaşmak boýunça tagalla edýärkä, Waşingtonyň Owganystandan ähli goşunlaryny çykarmagyny göz öňünde tutýan plan has real görünýär. AÝ/AR-nyň habar merkezi ABŞ-nyň Owganystandaky goşunlaryny doly çykarmaga ýykgyn etmeginiň ençeme sebäplerine syn edýär.

ABŞ-nyň we Owganystanyň uzak möhletli howpsuzlyk ylalaşygyny baglaşmak meselesi yza tesdirilýärkä, Waşingtonyň Owganystanda öz goşunlaryny galdyrmazlyk boýunça göz öňünde tutýan planynyň durmuşa geçirilmegi hakykata has ýakyn görünýär.

Şu aýda Owganystanyň Loýa Jirga maslahatynda Kabul bilen Waşingtonyň arasynda oktýabr aýynda ylalaşylan ikitaraplaýyn Howpsuzlyk ylalaşygynyň taslamasyna garalar.

Şol bir wagtda-da ikitaraplaýyn Howpsuzlyk ylalaşygyna we onuň ýanyndaky Goşunlaryň statusy boýunça ylalaşyga degişli düýpli gapma-garşylyklar saklanyp galýar. Hususan-da, Waşington öz harbylarynyň owgan kanunlaryna laýyklykda sud edilmezligine kepil geçilmegini talap edýär.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý Loýa Jirganyň kararlaryny doly berjaý etjege meňzeýär, şeýlelikde Waşingtonyň bu ugurdan gepleşikleri dowam etdirmäge islegli boljagyny çaklamaga esas galmaýar.

Uruşdan ýadawlyk

ABŞ Owganystanda dowam edýän uruşda bu ýurduň hökümetine beren ýardamy netijesinde 12 ýylyň dowamynda 2150 harbysyny ýitirdi, 20 müňe golaý amerikanly ýaralandy.

“Waşington Post” gazetiniň we “ABC News” telekanalynyň iýul aýynda geçiren pikir soralyşygy amerikanlaryň dörtden üç böleginiň urşy dowam etdirmegiň manysy ýok diýip hasap edýändigini görkezdi. Pikirini beýan edenleriň ýarpysy amerikan harbylarynyň Owganystandaky harby çärelere gatnaşmagynyň ABŞ-nyň milli howpsuzlygyna goşant goşup bilmändigini aýdypdyr.

Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaý bilen ABŞ-nyň resmileriniň arasyndaky dartgynlylyk, “Talyban” hereketiniň gandöküşikli çykyşlary we “Talyban” bilen parahatçylykly gepleşikleri geçirmek meselesindäki şowsuzlyklar amerikan jemgyýetinde Owganystandaky ýitgileri azaltmak zerur diýen pikirleriň güýçlenmegine sebäp boldy.

NATO-nyň graždan geňeşçisi we Waşingtondaky Amerikan howpsuzlygy proýektiniň agzasy Dawid Ýoung 2014-ni ýyldan soň Owganystana harby ýardam bermegiň zerur diýip, amerikan jemgyýetini ynandyrmagyň örän kyn boljagyny aýtdy.

Ýoungyň bellemegine görä, eger Owganystanyň ykdysadyýeti we howpsuzlyk güýçleri edil häzir özüni oňarmagy başarmasa, olar muňa bäş ýa on ýyldan hem ukyply bolmaz diýen pikirler öňe sürülýär.

Maliýe basyşy

Owganystandaky uruş bilen baglylykda bildirilýän nägilelikleriň ABŞ-daky maliýe kynçylyklar bilen hem baglanyşygy bar.

ABŞ-nyň ykdysadyýeti global maliýe krizisinden saplanmaga dyrjaşýarka, amerikan salgyt töleýjileri Owganystandaky urşa we bu ýurduň ykdysadyýetini galdyrmak maksatlara sarp edilen birnäçe trillion dollarlyk çykdajylaryň ýene-de dowam etdirilmeginden howatyrlanýarlar.
XS
SM
MD
LG