Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýwançigiň iş şärikleri günälerini boýun alýar


Orsýetiň belli jenaýat baştutany, «Taýwançik» lakamly Alimžan Toktahunowyň ýarany diýip bilinýän iki adam Nýu-Ýorkda halkara jenaýat toparyny gurnandyklaryny boýun aldy.

Nýu-Ýorkuň günorta etrabynyň prokurory Preet Bharara žurnalistlere 53 ýaşyndaky Wadim Trinçeriň we onuň 27 ýaşyndaky ogly Iugeniň, ikisem amerikan raýaty, penşenbe güni Manhattanyň federal sudunda özleriniň günälidigini aýdandygyny habar berdi.

Olar bikanun humar oýnuny gurnamakda aýyplanýar. Bharara bu iki adamyň Toktahunowa onlarça million dollary kanunlaşdyrmaga kömek edendigini gürrüň berdi.

Asly Merkezi Aziýadan bolan Toktahunow Orsýetde azat-erkin ýaşaýar. Ol Birleşen Ştatlar tarapyndan pul ýuwmak, zor bilen pul almak we bikanun humarbazlyk aýyplamalary esasynda gözlenilýär.
XS
SM
MD
LG