Sepleriň elýeterliligi

Aleppoda pitneçi komandir öldürildi


Siriýanyň ýokary derejeli pitneçi komandiriniň öldürilendigi aýdylýar.

Oppozisiýa aktiwistleri anna güni Ýussef al-Abbasyň demirgazykdaky Aleppo şäherinde hökümetiň uran howa zarbasyndan ölendigini aýdýarlar.

Oppozisiýadaky Aleppo habarlar guramasy penşenbe güni geçirilen reýdiň pitneçileriň basyp alan harby bazasyny nyşana alandygyny aýdýar.

Şeýle-de bu habarda, Abbasyň ölüminden başga, ýene iki komandiriň ýaralanyp, 45 km demirgazykda, Türkiýede ýerleşýän hassahana äkidilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG