Sepleriň elýeterliligi

Yragyň güýçleri tälim almaly


Yragyň howpsuzlyk güýçleriniň adam hukuklaryna hormat goýmak meselesinde gaýtadan örän kän tälim almagy gerek. Bu BMG-niň Bagdatdaky täze wekili Nikolaý Mladenowyň pikiri.

Bolgariýanyň ozalky daşary işler we goranmak ministri Mladenow Bagdatda žurnalistleriň öňünde çykyp gürläp, Yragyň ýaragly güýçleri we polisiýasy «medeni taýdan özgermeli» diýdi.

Yragyň howpsuzlyk güýçleri tankyt edilýär, hususan-da sünni arap azlygy esgerleriň we polisiýanyň azlykdakylary nyşana alýandyklaryny aýdýarlar.

Mladenow Bagdadyň ýurduň sünni araplarynyň integrasiýasy üçin köp iş etmelidigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG