Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama sanksiýalara garşy duýduryş berýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama,Tähranyň dawaly ýadro programmasy barada gepleşikleriň dowam edýän mahaly, Kongresi Eýrana garşy teklip edilen täze sanksiýalar babatda hiç bir ädim ätmezlige çagyrdy.

Obama penşenbe güni Ak tamda bolan metbugat ýygnagynda Tährany ýadro ýaragyny edinmezlige yrmakda gepleşikleriň iň gowy usuldygyny aýtdy.

Ol eger Eýran öz wadalaryny ýerine ýetirmese, sanksiýalaryň gaýtadan güýçlendirilip bilinjekdigini hem sözüne goşdy.

Obama adminstrasiýasy Eýran bilen gepleşiklere köpräk wagt berilmegini isleýär, emma Konrgesiň käbir uly agzalary, ABŞ-nyň ýarany Ysraýyl bilen bilelikde, sanksiýalary ýeňletmegiň irdigini aýdýarlar we Tähranyň ýadro programmasyna basyşy güýçlendirmek üçin sanksiýalary artdyrmaga çagyrýarlar.
XS
SM
MD
LG