Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Olga Alekseýewna: Häkimiýetler ekdiren agaçlaryny indi çapýarlar


Agaçlaryň çapylmagy, Aşgabat
Agaçlaryň çapylmagy, Aşgabat
Aşgabatda ýaşaýyş jaýlaryň daşynda agaçlaryň çapylmagynyň dowam edýändigi barada habar berilýär. Ýerli ýaşaýjylar bu ýagdaýa özleriniň düşünmeýändigini aýdýarlar. Aşgabadyň 6-njy kiçi etrapçasynyň ýaşaýjysy 70 ýaşly pensioner Olga Alekseýewna Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siz öz howlygyňyzdaky baglaryňyzyň çapylandygyny aýdýarsyňyz. Bu barada has takygrak gürrüň beräýseňiz?

Olga Alekseýewna: Men 1962-nji ýyldan bäri mikroraýonda ýaşaýaryn. Biz bu ýere göçüp gelenimizde, bize öz eýwanlaryňyzyň öňünde agaç ekiň diýipdiler. Biz şeýtdik. Soňabaka maklýuralary ekip başladyk, sebäbi olar gowy kölege we salkynlyk berýär. Prezidentiň şäherde ösümlikleri ekmek barada permany hem bardy. Näme sebäpden häzir şol agaçlary ýok edýärler? Indiki tomusda näme bolar, howamyz şeýle bir yssy, gün şeýle bir gyzýar, biz diňe agaçlaryň kölegesinde salkyn tapýardyk. Indi bolsa agaçlaryň bolan ýerleri boşap galdy.

Azatlyk Radiosy: Agaçlaryň çapylyp ýok edilmegine ýaşaýjylar nähili garaýarlar?

Olga Alekseýewna: Erbet garaýarlar, çapylýan ähli agaçlar, maklýuralar örän seýrek ösümliklerdir. Maklýuranyň örän uzyn kökleri bar, ol ýeriň çuňňur bir ýerlerinden suw alýar. Bu agaç örän gowy kölege berýär. Emma agaçlaryň ählisini ýok edýärler, näme üçin? Häzir biziň töweregimizde ähli agaçlary çapyp aýyrýarlar, hatda çapmak bilenem oňman, köwçeläp köki bilen goparyp taşlaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Häkimiýetler agaçlaryň çapylmagynyň seäplerini halka düşündirýärlermi?

Olga Alekseýewna: Düşündirmeýärler. Men birnäçe gezek baryp, sebäbini soradym. Bize görkezme berildi, bizem agaçlary çapýarys, diýdiler. Başga hiç zat aýtmadylar.

Azatlyk Radiosy: Çapylýan agaçlaryň arasynda miweli agaçlaram barmy?

Olga Alekseýewna: Ýok, olar miweli agaçlar däldi, olar maklýuralardy. Indi olaryň ýerine arça agaçlary ekiler diýip gürrüň edilýär.

Azatlyk Radiosy: Agaçlar çapylandan soň mikroraýonyň görnüşi nähili ýagdaýda?

Olga Alekseýewna: Bar zat derbi-dagyn. Bu ýerde ýöremek hem göwnüňe ýakmaýar. Olar yzlaryny ýygnaman gidýärler.

Azatlyk Radiosy: Çapylýan agaçlar ýaşaýjylar tarapyndan ösdürilip ýetişdirildimi ýa-da öz wagtynda häkimlikler tarapyndan hem ekilipmidi?

Olga Alekseýewna: Şol agaçlary döwlet hem ekipdi, ýerli ilat hem ekipdi. Bize agaçlary öý-hojalyk edaralaryndan getirýärdiler, bizem ekýärdik. Biz şol agaçlary 1962-nji ýyldan bäri ekip ýetişdiripdik. Indi bolsa olaryň köwçeläp ýok edilýänine ýüregim awaýar.

Azatlyk Radiosy: Agaçlaryň çapylyp aýyrylmagyna ýaşaýjylar nähilidir bir garşylyk görkezdilermi?

Olga Alekseýewna: Ýok, garşylyk görkezmediler. Diňe agaçlary çapýanlaryň ýanyna baryp, munuň sebäplerini soraýarlar. Işçiler bolsa biziň näme işimiz bar, buýruk berildi, bizem şol buýrugy ýerine ýetirýäris diýip, jogap berýärler.

Azatlyk Radiosy: Agaçlar bilen birlikde goşmaça gurluşyklaryň hem aýrylandygy aýdyldy. Goşmaça gurluşyklar kän ýykyldymy?

Olga Alekseýewna: Pristroýkalary, ýagny goşmaça gurluşyklary ýykdylar. Olar ýaşaýyş jaýlardan üç metr uzaklykda bolmaly. Elbetde, bu gowulyga getirmedi, indi öň pristroýkalaryň duran ýerlerinde awtoulaglary goýýarlar. Bu bolsa howanyň hapalanmagyna getirýär. Üstesine, indi maşynlardan ýaňa jaýlaryň golaýynda ýöremek hem howply boldy. Bu ýerde bolsa çagalar hem oýnaýarlar ahyryn.

Azatlyk Radiosy: Agaçlar çapylmazdan ozal şol maşynlar nirede saklanýardy?

Olga Alekseýewna: Öň şol ulaglaryň duralgalarda, awtoparklarda duran bolmagy mümkin. Indi bolsa her kim öz maşynyny jaýyň öňünde goýýar. Onsoň agaçlaryň çapylmagyndan soň galan hapalar hem çaşyp ýatyr. Çapylan agaçlar şol badyna äkidildi, emma ondan galan hapalar, daşlar, taýaklar we beton [bölekleri] ýaly zatlar öňki ýerinde ýatyr.
XS
SM
MD
LG