Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: 'Dokumentsiz' türkmen çagalarynyň ykbaly


Ene we bäbek

Ene we bäbek

Mälim bolşy ýaly golaýda metbugatda "Türkiýäniň Stambul şäheriniň Sabiha Gökçen adyndaky aeroportynda 4 aýlyk çagasyny Germaniýada ýaşaýan bir türk maşgala satjak bolan türkmenistanly bir zähmet migranty aýal maşgala tutuldy" diýen habarlar ýaýrady.

Şeýle habardan soň halk köpçüliginde "Eýsem Türkiýedäki türkmenistanly zähmet migrantlarynyň nikasyz ýa-da dini nikaly doglan çagalarynyň ykballary nähilikä?" diýen sowal döredi diýilýär.

Azatlyk Radiosy, gelip-gowuşýan şeýle sowallar esasynda Stambulda çagasy bilen işläp ýören türkmenistanly zähmet migranty Gülnar, türkmenistanlylara iş kömegini berýän Mustafa Akkaýa we Türkiýede resmi nikaly maşgalaly ýaşap ýören Maýsa bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy soň olaryň beren maglumatlary esasynda hem Türkiýedäki Adam hukuklary jemgyýetiniň başlygy aklawçy Öztürk Türkdogana, resmi nikasyz çagalara we olaryň bikanun işläp ýören ene-atalaryna türk kanunlarynyň nähili hak-hukuk berýändigini sorady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG