Sepleriň elýeterliligi

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Kompýuteriň töweregindäki saz, twitter, smartfon we şuňa meňzeş alamatlar

Kompýuteriň töweregindäki saz, twitter, smartfon we şuňa meňzeş alamatlar

Sosial ulgamlar, bütin dünýäde bolşy ýaly, türkmen ýaşlarynyň arasynda hem barha giňden peýdalanylýar. Mälim bolşy ýaly, olaryň arasynda “Twitter”, “Facebook”, “Vkontakte”, “Moy Mir”, ”Odnoklassniki” ýaly sosial ulgamlar bar.

Bu ulgamlarda ýaşlaryň käbirleri goşgudyr-nakyllary, dana sözleri paýlaşsalar, käbirleri öz durmuşynda bolup geçýän wakalary dostlaryna ýetirýärler.

Twitter sosial ulgamynda, her hepde bolşy ýaly, ”Türkmençe Ýaz”, ”ÝaşWagtym” ýaly jümleleriň öňünden ”häş täg” alamaty goýlup ýazylan tweetleriň meşhurlygy barha artýar. Olaryň arasynda @türkmenium atly agzanyň “Ýalan durmuşymyza şeýle bir ornaşypdyr welin, käbir adamlar sözlerini: dogrymy aýtsam, diýip başlaýar..." diýip ýazan tweeti, ”Ýaş Wagtym” toparynyň-da “Toýdan soň oglanlary öýüne çenli yzyna düşürip ýalbardyp ýöräp barýan gyzyň şemaly, köşgüň perwanasyndanam çykanok” ýaly tweetleri bar.

Vkontakte

“Vkontakte” sosial ulgamynda bolsa “Türkmenler” atly topar tarapyndan paýlaşylan wideoly aýdym toparyň agzalarynyň arasynda gyzyklanma döredipdir. Bu wideoda Seýitjan Ylýasow we Roşka atly aýdymçylar “Habibi” atly aýdymy ýerine ýetirýärler.
6-njy noýabrda paýlaşylan bu wideoýazgy alty sapar halanyp, üç gezek hem gaýtadan çap edilipdir we oňa ýedi teswir gelip gowşupdyr.

Güljahan Begnazarowa atly agza “Ogurlanan aýdym diýäýmeseň, ýaman däl” diýip, teswir galdyrsa, Rahym Ussaýew atly agza “Klibi nirede düşürdilerka?” diýip sorapdyr. Diýar Hallyýew atly agza bolsa öz pikirini “Berekella, ogurlamagy dowam ediň” diýen sözler bilen beýan edipdir. Bu wideoýazga başga-da Seýitnazar Arabow, Kiril Ýazliýew ýaly agzalar teswir galdyrypdyrlar.

Ertir.com

“Ertir.com” websahypasynda bolsa 8-nji noýabrda AbdyllaCh atly agza tarapyndan gozgalan “Gyzlara degişliräjik, emma oglanlaram kakyp geçýän tema” atly tema sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda iň gyzyklanma döreden temalaryň biri bolupdyr. Ol 8-12-nji noýabr aralygynda jemi 1966 gezek okalyp, oňa 177 teswir gelip gowşupdyr. Şeýle-de bu tema 52 sapar halanypdyr.

Bu temanyň mazmuny şeýle beýan edilýär: “Erkeklerdäki "özüne ynam, ýolbaşçylyk, degişgenlik, karizmatik we ş.m häsiýetler köp gyzlarda daş-görnüşe seredeniňde has köp täsir galdyrýar. Ýagny, köp gyzlar daş görnüşden köpräk şu zatlara üns berýärler. Köplenç daş-töweregiňizdäki gyzlaryň "däli" sypatly oglanlary halaýandyklaryny görensiňiz. Munuň sebäbi "däli" erkekler gyzlaryň isleýän alfa häsiýetlerini özünde jemleýärler, gyzlaryň beýle görnüşlileri saýlamagy logiki taýdan dogry bolmasa-da, bu görnüşdäki erkekler beta erkeklere görä gyzlary özüne çekmäge ökdedirler”

Temanyň soňunda gyzlara ýüzlenilip: “Gyzlar, siz hem ýokardakylar bilen ylalaşýaňyzmy? Ýa-da durmuşa çykmak isleýän oglanyňyzyň daş görnüşine, kaçoklygyna (daýawlygyna), puluna, kakasynyň wezipesine seretdiňizmi/seredýäňizmi/seretmegi göz öňünde tutýaňyzmy?” diýen soraglar berlipdir.

Rain atly agza öz garaýşyny şeýle beýan edipdir: “Gyzlar ýüregine seredýärdi öňler. Indi bilemok, baýlygyna we özüne edip biljek mümkinçiliklere seredýär öýdýän. Köp gyz bilen gürrüňdeş bolan wagtym maňa çörek ýapdyrmasyn, eje-kakasyndan aýry ýaşaly. Maşynly, işlije bolsun diýen sözlere kän duşdum. Garaz, Türkmenistanda 1,5 million yaş gyz bar bolsa her haýsynyñ her hili pikiri bar...”

Temany gozgan agza muňa şeýle jogap ýazypdyr: “Mümkin, ýöne men "maňa pul gerek däl, seniň bilen islendik şertlerde ýaşamaga-da taýýar" diýen gyzlara-da duşdum, her hili pikirdäki gyzlar bardygy üçin, olaryň hem öz pikirlerini şu ýerde ýazmaklaryny haýyş edýän”.

Garaz, bu tema agzalaryň arasyndaky dürli garaýyşdaky teswirler bilen dowam edýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG