Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birma 69 syýasy tussagy azat etdi


Birma hökümetiň «söýgi rehimdarlygy» akty diýip häsiýetlendiren amnistiýasy esasynda 69 sany syýasy tussagy azatlyga goýberdi.

Prezident Tein Sein ýylyň aýagyna çenli wyždan ýesirleriniň ählisini azatlyga çykarjakdygyny aýtdy. Anna güni azat edilenleriň köpüsiniň etniki azlyklaryň agzalarydygy aýdylýar.

«Amnesty International» bu habary gutlady, ýöne Birmada demir gözenegiň arkasynda galýanlaryň köpüsiniň parahatçylykly işleri üçin tussag edilendigini aýtdy.

Günä geçiş guramasynyň Aziýa-Ýuwaş okean bölüminiň direktorynyň orunbasary Isabelle Arradon özleriniň henizem aktiwistleriň diňe öz pikirlerini aýdany üçin ýanalýandygy we türmä basylmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada maglumat alýandyklaryny aýtdy.

Anna güni bolan günä geçiş Ýewropa Bileleşiginiň delegasiýasynyň bu ýurda sapar edýän wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG