Sepleriň elýeterliligi

Ýaşlar we “arakhorlyk”


Alkogoldan ejir çekýän maşgalanyň durmuşyny şekillendirýän surat

Alkogoldan ejir çekýän maşgalanyň durmuşyny şekillendirýän surat

“Men iki hepdeden bäri ejem dagynyň öýünde, adamym bilen urşup gaýtdym, ýene öňki gürrüň, aýlygynyň baryny araga sarp edýär”, bu sözleri ýakynda joramdan eşitdim. Ol ýaşy ýaňy 25-e ýeten adamsy barada gürrüň edýärdi.

Bu diňe bu maşgalanyň hekaýasy däl. Türkmenistandaky tanyşlarymyň berýän maglumatyna görä, sähelçe bahana bilen oturylyşyk etmek üçin ýygnanyşýan, her ýygnanyşykda-da alkogolly içgi içilýän üýşmeleňlere soňky döwürler ýaşlaryň arasynda has köp duş gelinýär.

Eýsem, munuň sebäbi näme? Arakhorlyga ýaşlaryň özleri nähili garaýarlar? Bu olaryň durmuşyna nähili täsirini ýetirýär?

Nobatdaky Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimizde şu tema barada gürrüň ederis. “Arakhorlyk” barada şaýat bolan ýa-da başdan geçiren wakalaryňyzy gepleşigimize gatnaşyp gürrüň bermek isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys. Şeýle-de, öz garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölüminde hem galdyryp bilersiňiz.

Hormat bilen,
Sähra (Täza Tolkun gepleşiginiň alyp baryjysy)

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG