Sepleriň elýeterliligi

Uzak dünýäleriň düzümi


NASA-nyň "Hubble" teleskopy bilen düşüren suraty.

NASA-nyň "Hubble" teleskopy bilen düşüren suraty.

Üsti açylan ekzoplanetalar (biziň Günümizden aňyrdaky ýyldyzlaryň töweregindäki planetalar) ozallar barmak basyp sanardan-da azdy. Emma indi, ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen, ýagdaý üýtgedi. Häzir bardygy tassyklanan ekzoplanetalaryň sany 800-den, muňa kandidatlaryň sany hem 2700-den gowrak. Ýöne bu uzak dünýäleriň tebigaty, olaryň nämelerden durýandygy barada bilinýän zatlar köp däl. Şol sebäpden ylmy barlagçylar planetalaryň himiki düzümini derňemek üçin öňdebaryjy metodlardan peýdalanmaga synanyşýarlar.

Bu barada soňky ýyllarda gazanylan üstünlikleriň biri – planetalary göni surata düşürmek. Indi ýerde ýerleşdirilen teleskoplar bilen ýyldyzlaryň töweregindäki planetalaryň infragyzyl suratlary alynýar. Astronomlar üçin bir surat, ondaky ýagtylygy älemgoşar ýaly dürli tolkun uzynlyklaryna bölmek başartsa, müň gepden ileri.

Alymlar bu arzuwy amala aşyrmak üçin ýere esaslanýan we jisimiň ýagtylygyny bölek-bölek edip serip, molekulalaryň özboluşly aýratynlyklaryny ýüze çykarýan gural - spektrograf bilen enjamlaşdyrylan teleskoplara infragyzyl kamera oturdýarlar. NASA-nyň "Jet Propulsion Laboratoriýasynyň" (California Institute of Technology) 2013-nji ýylyň 9-njy maýynda bildirmegine görä, "Project 1640" diýlip atlandyrylýan proýekt, San Diegonyň (Birleşen Ştatlar, Kaliforniýa) golaýyndaky Palomar obserwatoriýasyny ulanmak bilen, bu işi edipdir.

Aşa ýagty ýyldyzyň töweregindäki ýagdaý

"Bir aşa ýagty ýyldyzyň töweregindänki dört planetanyň düzümi barada takyk maglumat edinmek bize diňe birje sagadyň içinde başartdy" diýip, JPL-iň (Jet Propulsion Laboratory) astromony Gautam Wasişt aýdýar. "Bu ýyldyzyň şöhlesi planetalaryňkydan ýüz müň esse ýokary. Biz ýyldyzyň ýagtylygyny aýryp, planetalaryň juda öçügsi şöhlesini izolirlemegiň ýollaryny tapdyk".

Ägirt uly planetalaryň atmosferasyny elekden geçirmek barada infragyzyl suratlardan daşary işjeň ulanylýan başga metodlar-da bar. Mysal üçin, NASA-nyň kosmos teleskoplary "Spitzer" we "Hubble" planetalar öz ýyldyzlarynyň (Günleriniň) öňünden geçip, onuň arkasynda gözden ýitýänça olara gözegçilik edýärler. NASA-nyň 2018-nji ýylda kosmosa çykmagyna garaşylýan teleskopy "James Webb" hem Ýerden sähelçe uly bolan planetalaryň atmosferalaryny derňemekde şular ýaly metody ulanar.

Täze barlagda alymlar bizden takmynan 130 ýagtylyk ýylyna deň uzaklykda ýerleşýän "HR 8799" diýlip atlandyrylýan bir ýaş ýyldyzy gözden geçiripdirler. Bu uly ýyldyzyň töwereginde iň azyndan dört sany ägirt uly gyzyl planetanyň bardygy ozal ýüze çykaryldy. Bu planetalaryň üçüsi 2008-nji ýylda Gemini we Kek (ikisi-de Gawaý adasyndaky Mauna-Kea dagynda ýerleşýär) teleskoplarynyň kömegi bilen bir ýyldyzyň töwereginde surata düşürilen ilkinji planetalar. Ýyldyza gaty ýakyn bolany üçin aňsatlyk bilen görüp bolmaýan dördünji planetanyň üstüni hem 2010-njy ýylda ýene Kek teleskopy açdy.

Täze açyşyň ähmiýeti

Bu bir uly üstünlikdir. Sebäbi mundan ozal edilen açyşlaryň ählisi göni däl-de, mysal üçin, planetanyň dartyş güýjüniň ýyldyzda döredýän çalaja yrgyldysyny ýazga geçirmek ýaly gytaklaýyn ýollar bilen edilipdi. Bu ýollar bilen düşürilen suratlar hem, ýeterlik däldigi üçin, planetalaryň himiki düzümi barada maglumat edinmäge ýaranok. Planetalaryň atmosferasyndaky molekulalaryň "barmak yzyny" aýan etmek üçin spektrograf gerek. Haýsy hem bolsa uzakda ýerleşýän bir dünýäniň spektrini almak planetanyň ýagtylygyny köpräk ýygnamagy talap edýär. Bu hem ýyldyzyň göz gamaşdyryjy ýalpyldysynyň öňüniň öňküden hem köp alynmalydygyny aňladýar.

"Project 1640" ýerde ýerleşdirilen teleskoplara gerekli dürli enjamlary oturtmak bilen bu işi bitiripdir. "Gaz läheňleri" bolan bu dört planeta barada alnyp barlan spektral barlaglar bularyň biri-birinden tapawutly himiki düzümlere eýedigini görkezýär. Olarda höküm sürýän temperatura bolsa hemmesinde deňräk.

Astronomlary geň galdyrýan zat - planetalaryň käbirinde metanyň (CH4) ýokdugy. Beýlekileriň atmosferasynda bolsa ammiagyň (NH3) we garaşylmadyk başga himiki baglanyşyklaryň bardygyny görkezýän alamatlar bar.

Ýöne ekzoplanetalaryň köpräk hem gowurak spektrlerini almak baradaky tagallalar dowam edýär. Bu iş üçin iň gowusy döremeginden galan gyzgyny entek sowamadyk ýaş planetalary tapmak. Sebäbi spektrograflar bu planetalarda has köp bolan infragyzyl şöhlelenmä gowy gözegçilik edip bilýär.

Alymlar şeýle hem öz ýyldyzlaryndan uzagrakda göz gamaşdyryjy ýagtylygyň çygryndan daşarda ýerleşýän planetalary tapmaga synanyşýarlar. NASA-nyň "Spitzer" we "WISE" (Wide-field Infrared Survey Explorer), şeýle hem onuň "GALEX" (Galaxy Evolution Explorer) missiýalary astronomlara bu talaplary ödemegi mümkin planetalary anyklamaga kömek edipdir.

"Biz öz ýyldyzlaryndan uzakda ýerleşýän super-Ýupiterleri gözleýäris" diýip, Wasişt aýdýar. "Tehnikamyz gowulansa, kiçeňräk we ýaşy az-kem ulurak bolan gaz planetalarynyň molekulýar düzümini hem kesgitläp bileris diýip umyt edýäris".

Enjam problemasy

Ýöne häzirki enjamlar bilen bu ölçegler üçin mümkinçilik köp däl. "Hubble" teleskopynyň ornuny tutjak kosmos teleskopy "James Webb" arkaly hem bu ýol bilen derňäp bolaýjak planetalar iň bärsinden Saturnyň ululygynda bolmaly. Muny NASA-nyň işgäri Çarles Beihman şeýle duşündirýär: "Ýer toparyna degişli planetalar biziň häzirki tehnologiýamyz we hatda James Webb bilen hem gözegçilik ederden kiçi hem-de öz ýyldyzlarynyň aşa ýakynynda ýerleşýärler".

Diýmek "ikinji ýer" tapylar diýip, göwün hoşlamakdan entek ir. "Proýekt 1640-yň" alymlaryna häzirki wagtda tapdyrmagy mümkin planetalar şöhlesi güýçli ýyldyzlaryň töweregindäki biziň Ýupiterimize çalymdaş uly massaly dünýäler bolsa gerek. Bularda hem ýaşaýyşyň döremegine getirip biljek şertleriň bardygy gümana.

Ýöne daşarky "gaz läheňlerini" öwrenmek-de astronomlar üçin gaty ähmiýetli. "Daşarky gaz planetalary Ýer toparyna girýän planetalaryň ykbalyny kesgitleýärler. Gaz planetalary içeri merkezi ýyldyza tarap göç edip, bu ýerdäki Ýere meňzeş planetalary gum sowran ýaly garym-gatym edip bilýärler ýa ulgamdan bütinleý daşary taşlap bilýärler. Biz bu planetalara içki regionlara geçmezden öň gözegçilik edip, olaryň Ýer toparyna girýän içerki planetalaryň ykbalyna nähili we haçan täsir edip bilýändigini öwrenmäge synanyşýarys" diýip, Wasişt düşündiriş berýär.



ÇEŞMELER:

http://www.jpl.nasa.gov/news/news.php?release=2013-157
http://www.jwst.nasa.gov/
http://www.astronomy.com/en/News-Observing/News/2013/05/Sifting%20through%20the%20atmospheres%20of%20far%20off%20worlds.aspx
http://www.astronews.com/news/artikel/2013/05/1305-012.shtml

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG