Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda gowaça ekmek bes edilýär


Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň anna güni geçirilen maslahatynda indiden eýläk Balkan welaýatynda gowaça ekmegi bes etmeli diýen karara gelindi.

Bu welaýatda gowaça ekini üçin 5 müň gektar ýer bölünip berlipdir. Emma sebitiň toprak-howa şertleri her gektardan juda az, 10 sentner töweregi, ýagny ýylda 5 müň tonna pagta almaga mümkinçilik berýär diýip, habarda aýdylýar.

Indiden eýläk Balkanda gowaça derek iýmlik, däne, miwe we bakja ekinleri ekiler diýip, TDH ýazýar.

Şeýle-de hökümet maslahatynda Maryda, Ahalda ekilýän gowaça meýdanlaryny artdyrmak we öňki ýyllar Balkanda ýetişdirilen pagtany şol ýerlerden almak kararyna gelindi.
XS
SM
MD
LG