Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl esgerleri çagalary gandallady


Ysraýyl esgerleri anna güni Günbatar kenarda bäş ýaşdan dokuz ýaşa çenli dört çagany bir sagatdan gowrak elleri gandally saklady.

Ysraýylyň harby sözçüsi ol çagalaryň Günbatar kenaryň demirgazygyndaky pitne wagtynda tutulyp, az wagt saklanandygyny aýtdy.

Palestin aktiwistleri AFP habar gullugyna ysraýyl basybalyjylygyna garşy geçirilýän hepdelik protest mahalynda ysraýyl esgerleri bilen aktiwistleriň arasynda çaknyşyk bolandygyny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG