Sepleriň elýeterliligi

Rawalpindi: komendant sagady saklanýar


Pakistanyň paýtagtynyň golaýynda, anna güni dini dessur mahalyndaky çaknyşyklarda 8 adam öldürilensoň, komendant sagady saklanyp galýar.

Bu zorluk şaýylar Aşura baýramyny belläp, sünni seminariýasyna baryp, ol ýerden azyndan iki adamy süýräp çykaryp, köçede ölýänçä ýenjenlerinden soň başlandy.

Şaýylar sünnüleriň özlerini masgaralap gygyrandyklaryny aýdýarlar. Rawalpindide bolan zorlugy ýatyrjak bolup, ýene azyndan 34 adam ýaralandy, olaryň köpüsiniň polisiýa işgäridigi aýdylýar.

Dini okuw jaýynyň golaýyndaky dükanlaryň hem birnäçesine ot berildi.
XS
SM
MD
LG