Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ylalaşyga umyt bildirýär


Eýranyň daşary işler ministri anna güni özüniň gelýän hepde Ženewada Tähranyň dawaly ýadro programmasy barada dünýä döwletleri bilen geçiriljek gepleşiklerde ylalaşyk gazanyp boljagyna umytly garaýandygyny aýtdy.

Emma Mohammad Javad Zarif eýran resmileriniň Eýranyň ýadro hukuklarynyň ykrar edilmegini talap etjekdiklerini hem sözüne goşdy.

Waşingtonda, ady aýdylmadyk bir uly resminiň ylalaşyk gazanylmagy gaty mümkin diýendigi aýdylýar. Emma ol heniz bu meselede gepleşilmeli we düşünişilmeli ýiti meseleleriň hem bardygyny duýdurypdyr.

ÝB-niň daşary syýasat başlygy Ketrin Aşton 20-nji noýabrda Ženewada Zarif bilen duşuşar.

Şondan bir gün soň bu gepleşige Hytaýyň, Orsýetiň, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň uly derejeli resmileri goşulyp, iki gün maslahat ediler.

Geçen hepde Eýran we dünýäniň alty döwleti bu meselede ylalaşyk gazanyp bilmändi, ýogsa progresiň bolandygy habar berlipdi.
XS
SM
MD
LG