Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň himiki ýaraglary ýok ediler


Dünýä boýunça himiki ýaraglara gözegçilik edýän gurama anna güni Siriýanyň himiki ýaraglaryny ýok etmek baradaky plany resmi ýagdaýda tassyklady, ýogsa Albaniýa biraz öň bu işiň özünde amala aşyrylmagyna garşy çykypdy.

Himiki ýaraglary gadagan etmek baradaky gurama ýok ediş planyny tassyklasa-da, heläkçilikli ýaraglaryň nirä eltiljegini aýtmady. Raýat urşuna gaplanan Siriýa bu ýaraglaryň ýurt daşynda ýok edilmegini isleýändigini aýtdy.

Biraz öň, Albaniýanyň permýer-ministri Edi Rama, bu plana halk protest bildirenden soň, bu operasiýanyň bir böleginiň Albaniýada geçirilmeginiň mümkin däldigini aýtdy.

Birleşen Ştatlar başda bu işiň Albaniýada amala aşyrylmagyny teklip edipdi. Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň sözçüsi Jan Psaki Waşingtonda bu kararyň ABŞ-Albaniýa gatnaşyklaryna zeper ýetirmejegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG