Sepleriň elýeterliligi

Rahmon dördünji möhlete kasam kabul etdi


Emomali Rahmon Täjigistanyň prezidenti wezipesini dördünji möhlet hem ýerine ýetirmek üçin kasam kabul etdi.

Şenbe güni geçirilen dabara parlament binasynda boldy.

Rahmon 6-njy noýabrda geçirilen saýlawlarda sesleriň 83 prosentini aldy. Bu ýeňiş oňa ýene bir ýedi ýyl prezident bolmak hukugyny berdi. Ol 21 ýyl bäri ýurda ýolbaşçylyk edýär.

ÝHHG-nyň gözegçileri bu saýlawlaryň hakyky bäsleşik görnüşinde geçmändigini aýtdylar.

Rahmon gowy tanalmaýan, özüne ygraraly bäş kandidat bilen bäsleşdi. Onuň ýeke-täk oppozision garşydaşy saýlawa goýberilmedi.
XS
SM
MD
LG