Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Lawrow ýadro ylalaşygy mümkin diýýär


Sergeý Lawrow (ç) amerikan kärdeşi Jon Kerri bilen, Ženewa, 13-nji sentýabr, 2013.

Sergeý Lawrow (ç) amerikan kärdeşi Jon Kerri bilen, Ženewa, 13-nji sentýabr, 2013.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow dünýä döwletleri bilen Eýran Tähranyň ýadro programmasy baradaky halkara aladalaryny ýeňletmek meselesinde deslapky ylalaşyga golaý geldiler, indi olar ony möhürlemegiň «örän gowy mümkinçiligini» elden bermeli däl diýdi.

Lawrow bu sözleri şenbe güni rus telewideniýesinde efire berlen söhbetdeşlikde aýtdy:

"Häzir praktiki planda çözülmegi talap edilýän meseleler boýunça hiç hili prinsipial ylalaşyksyzlyk ýok. Bu ýerde gürrüň bu düşünişmegi dogry diplomatik dilde kagyz ýüzüne geçirmek, ýagny onuň bilelikde kabul edilendigi, kimdir biriniň boýnuna daşardan dakylan zat däldigi barada barýar.."

Lawrow bu sözleri Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif ylalaşyk baglaşmak baradaky optimistik garaýyşlaryny beýan edenden edil bir gün soň aýtdy.

Zarifiň optimistik garaýşy Birleşen Ştatlaryň bir resmisiniň pikirine hem gabat geldi, ol şeýle ylalaşygyň gazanylmagynyň «örän mümkindigini» aýtdy. Emma ol entek bu ýerde gepleşilmeli, düşünişilmeli «ýiti meseleleriň bardygyny» hem duýduryp goýdy.

Eýranly resmiler we dünýäniň alty uly döwletiniň, Hytaýyň, Orsýetiň, Birleşen Ştatlaryň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Britaniýanyň resmileriniň gelýän hepde Ženewada ýene bir tapgyr gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Ženewda şu aýyň başlarynda bolan gepleşiklerde ylalaşyk gazanylmady, emma progresiň, öňegidişligiň bolandygy habar berildi.

Tähran özüne garşy uran baýlaşdyrmak programmasyny duruzmanlygy üçin girizilen sanksiýalaryň aýrylmagyny isleýär.

Eýran öz ýadro programmasyny gizlinlikde ýadro ýaragyny edinmek üçin ulanýandygy barada aýdylýanlara ýalan diýýär, emma Günbatar ondan şeýle güman edýär.

Halkara Atom energiýasy gullugynyň penşenbe güni beren hasabatynda Eýranyň, awgust aýynda berk liniýaly Mahmud Ahmedinejadyň ýerine geçen prezident Hassan Rohaniniň ýolbaşçylygy astynda, uran baýlaşdyrmagyň möçberini artdyrmagy togtadandygy aýdyldy.

Halkara Atom energiýasy gullugy Natanz baýlaşdyryş zawodynda uran baýlaşdyrmak üçin goşmaça diňe sanaýmaly sentrifuga oturdyldy diýdi.

Fardo zawodynda bolsa hiç bir sentrifuganyň oturdylmandygyny aýtdy.

Şeýle-de hasabatda Arakda gurulýan plutonium öndürýän reaktoryň «esasy komponentleriniň» oturdylmandygy aýdylýar.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Halkara Atom energiýasy gullugynyň hasabatynyň özünde «täsir döretmändigini» aýtdy.
XS
SM
MD
LG