Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Talyban» ulag bombasynyň jogapkärçiligini alýar


Şenbe güni owgan paýtagtynda bolan ulag partlamasynyň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

Owgan polisiýasy janyndan geçen bombaçynyň ulagyny Loýa jyrganyň geçjek ýerlerinde howpsuzlygy üpjün edýän bronly maşyna urdurmagy netijesinde azyndan 10 adamyň ölendigini, 13 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýtdy.

Bu hadysa Kabulyň günbatarynda, tire ýaşulularynyň geljek hepde Birleşen Ştatlar bilen baglaşylmaly howpsuzlyk paktyny ara alyp maslahatlaşjak ýeriniň 500 metr golaýynda boldy.
XS
SM
MD
LG