Sepleriň elýeterliligi

Owgan resmisi hüjümden aman galdy


Uly derejeli owgan resmisi janyndan geçeniň hüjüminden aman galdy. Ýekşenbe güni, ýurduň demirgazygynda, janyndan geçen bombaçy özüni partlatmazyndan öň Balh welaýatynyň gubernatorynyň orunbasaryny alyp barýan ulagyň üstüne topuldy.

Gubernatoryň orunbasary Mohammad Zahir Wahdat öz bronly ulagynyň içinde aman galdy, emma gyrada duran iki raýat öldi.

Wahdatyň janpenalarynyň hem birnäçesi ýaralandy we hassahana alnyp gidildi.
XS
SM
MD
LG