Sepleriň elýeterliligi

Wetnama gelen sil 28 adamy öldürdi


Wetnama gelen sil anna gününden bäri azyndan 28 adamy öldürdi, 9 adam bolsa tapylmaýar. 80 müň çemesi adamyň bolsa, sil zerarly ýaşaýan ýerinden başga ýere geçirilendigi aýdylýar.

Döwlet mediasy şenbe güni siliň derejesiniň 1999-njy ýyldaky iň ýokary bellikden hem aşandygyny aýtdy. Tebigy hadysa zerarly ýollar ýapyldy we käbir demirýol hyzmatlary duruzyldy.
XS
SM
MD
LG