Sepleriň elýeterliligi

Fransuz ýyldyzlary jerimä garşy


Onlarça fransuz ýyldyzy ten satýan aýallaryň müşderilerini jezalandyrmak planynyň garşysyna taýýarlanan petisiýa gol çekdi.

Fransuz parlamentiniň komiteti gelýän hepde dolandyryjy Sosial partiýanyň ten satýanlaryň müşderilerine pesinden 1500 ýewro jerime salmak, jemgyýetçilik ýerlerindäki jynsy gatnaşyklara gadaganlyk girizmek baradaky teklibine seretmekçi.

Fransuz metbugatynda şenbe güni çap edilen beýanatda şeýle diýilýär: "Biz ten satýan adamlaryň we olaryň hyzmatyny ulanýanlaryň hereketleriniň jenaýat hasaplanmagyny ret edýäris." Bu dokumente 60 çemesi meşhur ýyldyz gol çekdi.
XS
SM
MD
LG