Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Barzani Erdogana sag bol aýdýar


Yragyň özbaşdak dolandyrylýan demirgazyk Kürt regionynyň prezidenti Türkiýäniň kürtlerini Ankara bilen aradaky gowuşgynsyz parahatçylyk prosesini goldamaga çagyrdy.

Masud Barzani bu çagyryşy şenbe güni Diýarbekirde, Türkiýäniň günorta-gündogarynda, iki onýyllykda birinji gezek sapar edýän şäherinde etdi. Barzani bilen premýer-ministr Rejep Taýyp Erdoganyň çykyşyny diňlemek üçin müňlerçe adam toplandy.

Barzani Erdogan parahatçylyga tarap örän batyrgaý ädim ätdi diýdi we öz «kürt we türk doganlaryny» parahatçylyk prosesini goldamaga çagyrdy.

"Parahtçylygyň binýady goýuldy. Men [Türkiýäniň premýer-ministri] jenap [Rejep] Taýyp Erdogana parahatçylyga tarap batyrgaý ädim ädendigi we munuň esaslaryny goýýandygy üçin sag bol aýtmak isleýärin.»

Premýer-ministr Erdogan bolsa şeýle diýdi:

"Diýarbekir doganlyk şäheri. Biz ezelden dogan-gardaş, ahyryna çenli gardaş. Biz diňe ýol arkadaşy däl, kadar, kysmat arkadaşy, biz bazara çenli däl, mazara çenli birdiris we barabar bolarys."

Erdogan bu duşuşygy Kürt işçiler partiýasy bilen üç onýyllyga uzan konflikti soňlamagyň ajaýyp bir pursaty atlandyrdy. Barzaniniň sapary Türkiýäniň Yrak Kürdüstany bilen milliardlarça dollarlyk energiýa ylalaşyklaryny jemleýän wagtyna gabat geldi.
XS
SM
MD
LG