Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Margwelaşwili prezidentlige kasam etdi


Gürjüstanyň täze prezidenti Giorgi Margwelaşwili. 17-nji noýabr, 2013 ý.

Gürjüstanyň täze prezidenti Giorgi Margwelaşwili. 17-nji noýabr, 2013 ý.

Giorgi Margwelaşwili Tbiliside bolan dabara mahalynda Gürjüstanyň täze prezidenti hökmünde kasam kabul etdi.

Işden gidýän premýer-ministr Bidzini Iwanişwiliniň ýakyn ýarany bolan Margwelaşwili oktýabrda bolan prezident saýlawlarynda sesleriň aglaba köplügini alyp, ýeňiş gazandy.

Ýekşenbe güni, merkezi Tbiliside köne parlament howlusynda geçirilen dabara 50 çemesi daşary ýurt delegasiýasy gatnaşdy.

44 ýaşyndaky Margwelaşwili filisof we ozalky uniwersitet rektory, ol bäş ýyl möhlet bilen prezidentlik eder.

Margwelaşwili inagurasiýa dabarasy mahalynda Gürjüstanyň Ýewropa Bileleşigine we NATO goşulmak planlaryna yhlasly boljagyny wada berdi. Bular ozalky prezident Mihail Saakaşwiliniň hem esasy maksatlarydy. Şeýle-de ol Orsýet bilen aralykdaky dartgynlyklary azaltmagyň üstünde işlejegini aýtdy.

"Şu günki gün ýüzbe-ýüz bolýan kyn ýagdaýymyza we şunuň bilen birlikde Ýewropa hem Ýewro-Atlantik gurluşlaryna integrasiýa boljak bolýandygymyza garamazdan, biz Orsýet bilen dialogy ilerletmek, häzirki dowam edýän problemalary çözmek üçin iki ýurduň arsyndaky ynamy dikeltmek işine hem ygrarly bolup galýandygymyzy gaýtalaýarys. Bu dialog Gürjüstanyň milli bähbitlerine berk hormat esasynda, ýagny biziň halkara derejesinde ykrar edilen araçäklerimize, toprak bitewiligimize hem-de özygtyýarlylygymyza hormat esasynda gurlar."

Margwelaşwili Gürjüstanyň bölüniji iki sebitine, 2008-nji ýylda Gürjüstan bilen Orsýetiň arasynda bolan bäş günlük uruşdan soň Moskwa tarapyndan garaşsyz döwletler hökmünde formal taýdan ykrar edilen Abhaziýa bilen Günorta Osetiýa hem yşarat etdi.

"Biziň Abhaziýada we we Sihinwali sebitinde ýaşaýan watandaşlarymyza teklibimiz şeýle: geliň bilelikde rowaç bir demokratik ýurt guralyň, ol ýurt ähli raýatyna abadançylygy, etniki we medeni aýratynlyklaryny saklamagy, syýasy hukuklaryna hormat goýulmagyny kepillendirsin. Gürjüstanyň prezidenti hökmünde, dolandyryjy partiýa we men şu syýasaty durmuşa geçirmegiň jogapkärçiligini öz üstüme alýaryn."

Margwelaşwiliniň inagurasiýasy Günbatara tarapdar Saakaşwiliniň on ýyla golaý uzan prezidentligini soňlaýar.

Saakaşwili, ozalky ministrleriniň we öz partiýasynyň agzalarynyň birnäçesiniň jenaýatda aýyplanýandygyny aýdyp, ýekşenbe güni bolan dabara gatnaşmakdan boýun gaçyrdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG