Sepleriň elýeterliligi

Muşarraf dönüklikde sud ediler


Pakistanyň Içeri işler ministri Çaudry Nisar Ali Han öňki prezident Perwez Muşarrafyň watan dönügi hökmünde sud ediljekdigini yglan etdi.

Ýekşenbe güni Han hökümet Muşarrafy 2007-nji ýylda ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan edeni we konstitusiýany togtadany üçin konstitusiýanyň 6-njy maddasy esasynda aýyplaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de, içeri işler ministri Muşarrafyň sud işi bilen baglanyşykly hatyň duşenbe güni ýurduň Ýokary suduna gowşuryljakdygyny belledi.

Bu sud işi gozgalsa, Muşarraf Pakistana dönüklik etmekde sud ediljek ýurduň ilkinji harby dolandyryjysy bolar.
XS
SM
MD
LG