Sepleriň elýeterliligi

Kazan: Uçar heläkçiligi derňelýär


Russiýanyň derňewçileri Kazandaky uçar heläkçiligine sebäp bolan delilleri derňeýärler. Şol wakada uçardaky ýolagçylaryň 50-si hem heläk boldy.

Derňewçiler uçarda iki gara guty tapdylar we olar häzirki wagt uçaryň tehniki näsazlyklar ýa-da ekipažyň şowsuzlygy sebäpli heläkçilige uçrandygyny derňeýärler.

CCTV telekanalynyň görkezen wideo ýazgysyna görä, uçar dikligine ýere düşüp, ot alýar.

Wakanyň bolan güni Boeing 737 kysymly uçar Moskwa-Kazan gatnawyny amala aşyrýardy.

Wakanyň pidalarynyň arasynda Tatarystanyň prezidenti Rustem Minnihanowyň ogly Irek Minnihanowyň, Russiýanyň federal howpsuzlyk gullugynyň Tatarystandaky bölüminiň ýolbaşçysy Aleksandr Antonow dagylaryň hem bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG