Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Jesetleriň şahsyýeti anyklandy


Owganystanyň günortasynda kellesiz tapylan alty jesediň şahsyýetiniň owgan polisiýa ofiserlerine degişlidigi anyklanyldy.

Mundan birnäçe gün ozal alty polisiýa ofiseri Zabul welaýatynda ýitirim bolupdy.

Polisiýa resmileri bu waka bilen baglanyşykly “Talybany” aýyplaýar. “Talyban” mundan ozal owganlaryň hökümete ýa-da harby we polisiýa güýçlerine goşulyşmazlygy üçin duýduryş beripdi.

Şu ýylyň dowamynda ýüzlerçe owgan polisiýa işgäri öldürildi.
XS
SM
MD
LG