Sepleriň elýeterliligi

Kazan: Uçar heläkçiligi derňelýär


Kazanyň aeroporty, 17-nji noýabr, 2013.

Kazanyň aeroporty, 17-nji noýabr, 2013.

Orsýetiň derňewçileri Tatarystanyň Howa Ýollarynyň uçarynyň Kazanda heläkçilige uçramagynyň sebäplerini anyklamaga çalyşýarlar. Bu uçar heläkçiliginde 50 adam wepat boldy.

Derňewleriň gidişinde uçaryň iki sany gara gapyrjagy tapyldy, şeýle-de howa kompaniýasynyň wideoýazgylary barlandy.

Wideoýazgyda uçaryň gökden dik aşak gaýdyp, ýere urlandygyny we şondan soňra ony ýangynyň gaplap alandygyny görmek mümkin.

Orsýetiň transport ministri Maksim Sokolowyň sözlerine görä, derňewçiler uçar heläkçiligine sebäp bolan kemçilikleriň arasynda kompaniýanyň işgärleriniň ýalňyşyny we tehniki näsazlyklary göz öňünde tutýarlar. Sokolow agzalan üç sany kemçiligiň arasynda uçar ýangyjynyň we uçaryň tehniki taýdan taýýarlygynyň hiliniň pes bolmagynyň ähtimaldygyny we howanyň edil şol wagt ýaramaz bolandygyny belledi.

Ýolagçylaryň şahsyýeti

“Boeing-737” kysymly uçar ýekşenbe güni Moskwadan gaýdyşyn ýere gaçdy. Ýolagçylaryň arasynda Tatarystanyň prezidenti Rüstem Minnihanowyň ogly Irek Minnihanowyň we Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň Tatarystan boýunça bölüminiň başlygynyň bolandygy barada habar berildi.

Häkimiýetleriň berýän maglumatyna görä, heläk bolan ýolagçylaryň ählisiniň şahsyýetini anyklamak boýunça işleriň birnäçe hepdäni talap etmegi mümkin.

Tatarystanyň premýer-ministri Ildar Halikow heläk bolanlaryň jesetleriniň ownuk böleklerini ýygnamak we olary garyndaşlardan alnan DNK maglumatlary bilen deňeşdirmek işiniň geçirilmelidigini aýtdy.

Duşenbe güni Tatarystanyň döwlet baýdaklary aşak düşürildi. Adamlar özakymlaýyn gelip, aeroportda wepat bolanlaryň hormatyna gül desselerini goýýarlar.

Uçuş howpsuzlygy

Käbir adamlar Orsýetde howa gatnawynyň howpsuzlyk derejesiniň gowşaklygyndan nägilelik bildirdiler. Özüni Dmitriý diýip tanadan adam häkimiýetler uçarlaryň tehniki ýagdaýyna we ulanylyşyna gözegçiligi pugtalandyrmaly diýen pikirini mälim etdi.

Heläkçilige uçran uçar 23 ýyl mundan ozal ýasalypdyr. Tatarystanyň howa ýollaryndan öň bu uçar howa kompaniýalarynyň ýedisi tarapyndan ulanylypdy. ”Tatarystan Howa ýollary” bu uçary 2008-nji ýylda satyn alypdyr.

Bu uçar geçen ýyl bir gezek Tatarystandan Moskwa uçan badyna, tehniki näsazlyklar sebäpli yzyna, Kazanyň aeroportuna dolanmaly bolupdy.

2001-nji ýylda bu uçar Braziliýada gonanda, döwlüpdi, ýöne şonda uçardaky 102 ýolagçydan hem uçaryň komandasyndan hiç kime zeper ýetmändi.
XS
SM
MD
LG