Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-a internet hüjümi edilýär


Maglumatlar ulgamy
Maglumatlar ulgamy
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna (RFE/RL) edilýän Hyzmatyň üleşdiriş bozulmasy (Distributed Denial of Service), ýa-da DDoS diýlip atlandyrylýan internet hüjümi penşenbe gününden bäri biziň global multi-media habar we maglumat hyzmatlarymyza päsgel berýär.

“Biz bu boýunça maglumatlary ýygnamagy dowam etdirýäris. Emma munuň ýörite maksat bilen edilýändigini çaklaýarys” diýip, AÝ/AR-nyň prezidenti Kewin Klos aýtdy.

Ol: “Biz AÝ/AR-nyň maglumatlaryna bil baglaýan we biziň bilen baglanyşmak üçin her gün dürli kynçylyklary başdan geçirýän diňleýjilerimiziň biziň üçin zerurlygyny nazara alyp, bu barada maglumat berýäris” diýdi.

AÝ/AR-nyň dolandyryş ulgamy dünýä boýunça “Amerikanyň sesine” (“VOA”), Ýakyn Gündogar Teleradiogepleşikler ulgamyna, şeýle-de Kubanyň Teleradiogepleşikler hyzmatynyň edarasyna goldaw berýär.

AÝ/AR-nyň tehniki işgärleri elektroniki hüjümleri yzarlaýan ”Kompýuter, gyssagara gaýtaryş” (CERT) meýletinçi topar bilen bilelikde işleşip, hüjümiň çeşmesini izolirlemek we mundan beýläkki päsgelçilikleriň öňüni almak ugrunda tagalla edýärler.

DDoS hüjüminde müňlerçe hatda millionlarça kompýuterden howply wirusly ýa-da zyýan beriji galp maglumatlar ýollanylýar. “Bu biziň döwrümizde maglumatlaryň açyk ýaýradylmagy we paýlaşylmagy bilen bagly howplaryň barlygyny görkezýän açyk bir delildir” diýip, Klos belledi.

Ozal hem 2008-nji ýylda AÝ/AR-nyň Belarus gullugyna garşy şuňa meňzeş, ýöne has çäkli gerimdäki DDoS hüjümi amala aşyrylypdy.
XS
SM
MD
LG