Sepleriň elýeterliligi

Agte: “Garagum” filmi meni çökerdi


"Garagum" atly filmiň awtory, germaniýaly kinorežissýor Arend Agte, Moskwa, 16-njy oktýabr, 2013.

"Garagum" atly filmiň awtory, germaniýaly kinorežissýor Arend Agte, Moskwa, 16-njy oktýabr, 2013.

Germaniýaly kinorežissýor Arend Agteniň Türkmenistan barada Türkmenistanda döreden filmi Moskwada görkezildi. German kinorežissýorynyň 1992-1993-nji ýyllarda türkmen režissýory Usman Saparow bilen bilelikde döreden, emma postsowet regionynda hiç wagt görkezilmedik “Garagum” atly filmi 20 ýyldan soň Moskwada köpçüligiň dykgatyna hödürlendi. Esasan çagalara niýetlenen kinofilmleriň awtory Arend Agteniň “Garagum” filmi režissýoryň beýleki eserleri bilen bilelikde 14-20-nji noýabrda Moskwada geçirilýän Germaniýanyň täze kinosynyň festiwalynyň çäginde görkezildi.

Azatlyk Radiosy Arend Agte bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Jenap Agte siz “Garagum” atly kartinaňyzy özüňiziň iň gowy eseriňiz, diýip hasap edýärsiňiz, bu film 1993-1995-nji ýyllaryň aralygynda üç sany abraýly baýraga, şol sanda UNISEF çagalar fondunyň baýragyna eýe boldy. Şol bir wagtda-da hut şu film sizi maliýe bankrotlygyna getiripdi. Bu nähili boldy?

Arend Agte: Bu film meni asla çökerdi. Men mundan ozal 5-6 sany üstünlikli filmi döredipdim. Emma biziň film toparymyz Türkmenistandaky işiniň arasyny kesmeli bolupdy. Biziň şonda Germaniýa alyp gaýdan kadrlarymyz taýýar önüm diýerden daşdady, bu ýagdaýda şowsuzlykdan başga zada garaşyp bolmaýardy. Hiç kimiň goldamajagy bellidi.

Men şonda bir-iki hepde oýlanyp, elimizde bar kadrlary kesişdirip, eden işimizi görkezmek we bize goşmaça puluň berilmegini soramak kararyna geldim. Emma prodýuserlik edýän kompaniýalar, hatda biz bilen işleşen kompaniýa-da özleriniň beýle ýagdaýa öň duş gelmändiklerini aýdyp, bize bir köpük hem berjek däl diýdiler. Men şonda Germaniýanyň ähli film fondlaryna ýüz tutup görüpdim. Günleriň birinde men kinoteatry kireýine alyp, edilen işi resmilere görkezdim we olary film doly tamamlansa, onda onuň ajaýyp boljagyny ynandyrmagy başardym.

Şeýdip, biz bahar aýlarynda Türkmenistana dolanyp bardyk hem filmi doly surata düşürmek üçin göz öňünde tutulan wagtdan has tiz, ýagny 9 günde tamamladyk. Emma bu filmiň üstündäki işiň uzaga çekmegi oňa bolan gyzyklanmalaryň gowşamagyna getirdi. Günleriň birinde men bu filmi görkezmek hukugyny satyn alyp, öňünden pul tölän kompaniýanyň bankrot bolandygyny bilip galdym.

Azatlyk Radiosy: Siz üç aýyň dowamynda surata düşürilmegi planlaşdyrylan kartinaňyza bir ýyla golaý wagty sarp edipsiňiz. Muňa näme sebäp boldy?

Arend Agte: Biz bu filmi 1992-nji ýylyň iýun aýynda surata düşürip başlamagy planlaşdyrypdyk. Emma bu başa barmandy, sebäbi biz iýul aýynyň aýagyna çenli zerur maliýe meselelerini çözüp bilmändik. Şeýlelikde biz Türkmenistana diňe sentýabr aýynda barypdyk. Şu sebäpden, filmiň üstündäki iş planlaşdyrylyşyndan iki aýa golaý giç başlandy. Netijede howa ýaramazlaşdy, ýagyş ýagdy, filmde baş roly oýnan oglan Myrat dümewledi.

Biz 1990-njy ýa 1991-nji ýylda Aşgabatda film studiýasy bilen şertnama baglaşypdyk. Olar bize şol döwrüň puly bilen 5 million rubl möçberde pul bermegi wada beripdi. Bu ummasyz puldy, ýagny bu şol döwürde Türkmenistanda ulular üçin alynýan ähli filmleriň umumy bahasyna barabardy. Germaniýa tarapyndan göz öňünde tutulan býujet hem uludy. Biz tarapyndan şonda film üçin 4-5 million german markasynyň sarp edilmegi göz öňünde tutulýardy. “Garagumyň” býujeti Golliwudda alynýan filmleriň býujetine barabardy.

Emma biziň filmi almak üçin Türkmenistana baran wagtymyz onuň garaşsyz ýurda öwrülen döwrüne gabat gelipdi, şol wagt puluň hümmeti çürt-kesik pese gaçypdy. Şonda Germaniýadan 36 adam Türkmenistana barypdy. Günleriň birinde [Türkmenistanyň] film kompaniýasy hem bize pul düýpden ýok, size yzyňyza gaýtmakdan başça çäre ýok diýdi. Men şonda-da Türkmenistanda galyp, ýagdaýa görä, filmiň üstnde işlemäge taýýardym.

Azatlyk Radiosy: Siz filmiň üstündäki işi pulsuz nädip dowam etdirdiňiz?

Arend Agte: Türkmenistanyň nebit öndürýän döwlet kompaniýasynyň nebitçileri bize kömek hökmünde dikuçarlary berdi, biz diňe ýangyjyň puluny töleýärdik, şol wagtda türkmen çölünde ýerleşen we entek Türkmenistandan çykarylmadyk sowet goşuny bize ýük maşynlaryny we “Antonow-2” kysymly uçary berdi. Biz bu ýardamyň bahasyny german markasy bilen, şeýle-de, Germaniýadan getirilen elektronik, audio we wideotehnika bilen hasaplaşypdyk. Filmde rollary ýerine ýetirenleriň käbiri filmiň üstünde işlänleriň garyndaşlarydy, beýlekiler Aşgabadyň teatrlarynyň aktýorlarydy.

Azatlyk Radiosy: “Garagum” filminiň siz üçin nähili ähmiýeti bar?

Arend Agte: Bu biz üçin, meniň özüm üçin uly sapak boldy. Aslynda mende bu filmi almak barada pikir Türkmenistana eden saparymyň netijesinde döräpdi. Ýurduň giňişlikleri, çöli we daglary mende uly täsir galdyrdy. Adamyň beýnisine meňzeş daglyk meýdanlary, şor toprakly giňişlikleri men başga hiç bir ýerde görmändim.

"Garagum" filmiň üstünde men türkmen režissýory Usman Saparow bilen bile işleşdim. Men onuň bilen ozalky ýyllarda Berlinde geçýän Berlinnale halkara kinofestiwalynda tanşypdym.

Biz bir hepdeläp Türkmenistanyň kiçijik obalaryna, şäherçelerine we beýleki ýerlerine syýahat edipdik. Biz bir-birimize öz ýurtlarymyzyň filmlerini görkezip, pikir alşypdyk. Netijede biz Germaniýanyň we Türkmenistanyň arasynda kino ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýmak kararyna gelipdik.

Şol döwürde bu örän sada bir pikirdi, sebäbi bu 1988-nji ýylda bolan wakady. Türkmenistan bilen bilelikde film almak üçin Moskwada ýerleşýän merkezi kinostudiýanyň rugsadyny almalydy. Olar ýok diýmedi, emma gepleşikler uzaga çekip, soňam hiç hili netijesiz gutardy.

Men “Garagumyň” senarisini Germaniýada ýazyp başladym, Usman Saparow hem Türkmenistanda öz senarisiniň üstünde işleýärdi. Biz bilelikdäki eserimiz barada 1990-njy ýylda Helsinki film festiwalynda duşuşyp, ilkinji gezek pikir alşyp bildik. Şondan iki ýyl geçensoň, filmiň üstünde işläp başladyk.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG