Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Gylyjyň gynyny zyňmak günä


Hamoudi Adhabyň çeken karikaturasy
Hamoudi Adhabyň çeken karikaturasy
Boş çüýşe

Bir gezek biri dostunyň öýüne myhman bolupdyr. Ol öýüň öňünde seňňerläp duran boş arak çüýşelerini görüp “Bulary öýme-öý aýlanyp, çüýşe satyn alýanlara satsaň bolmaýarmy? Esli pul bolardy” diýipdir. Öý eýesi:

-Her kim arak-şeraby bir maksatdan ugur alyp içýär. Men arak içenimde batyr adama, has anygy, eli düýrme gylyçly Görogla dönýärin. Arak gylyç bolsa, bu çüýşeler onuň gyny. Gylyjyň gynyny satmak, zyňmak günä bolar -diýip, ýagdaýy düşündiripdir.
Göwünlik

Bir gezek biri keselhanada ýatan daýysynyň halyndan habar almak üçin onuň yzyndan barypdyr.

Daýysy “Men näçe gün bäri keselhanada. Ýagdaýym agyr. “Şu keselden gutulman, Ezraýyl janymy alar” diýen gorkym bar. Sen welin halymdan habar tutaňok” diýip gatyrganypdyr. Ýegeni:

-Daýy, Hudaýa-da adamyň gowusy gerek. Seniň gowularyň sanawunda adyň geçenok. Enşalla, gutularsyň -diýip, çyny bilen göwünlik beripdir.

Dul höwesi

SSSR darganyndan soňra Russiýa Federasiýasyna gezelenje gidip-gelen “Aňyrda birküç ýyl ozal Türkmenistandan Russiýa göçüp gidenlere-de sataşdym. Olaryň käbiri “Ýalan albaýa aldanyp, bärä göçüp gelipdiris. Yzymyza, Türkmenistana dolanjak” diýýär” diýip, gören-eşdenini gürrüň beripdir. Bu gürrüňi diňläp oturan syrma sallah dul kişi:

-Şeýle gürrüňi edýänleriň arasynda başy boş dul zenanlar-da barmy? -diýip, agzyny suwardyp sowal beripdir.

Kellä minnetdarlyk

Bir gezek biri irden işe gelende özi bilen bir kabinetde bile oturýan işdeş ýoldaşyna “Dynç günleri: şenbe, ýekşenbede toý-şagalaňa, meýlis-märekä baryp, gereginden artyk arak-şerap içýäris. Soňra hepdäniň birinji güni, duşenbede kellämiz syzlap agyrap, azar berýär. Iş bilen küýüň bolanok. Bu gezek Hudaýa şükür, çenimi bilip içipdirin. Duşenbe bolsa-da kelläm asla agyranok” diýip öwnüpdir. Işdeş ýoldaşy:

-Tizden-tiz başlygyň ýanyna bar. Ol seniň işe çykaryňa garaşyp otyr. Düýn, duşenbede işe çykmanyň üçin hasabat sorap, akyly ýuka tüňňi maňlaýyňa ýaglyja käýinç ýelmär welin, kelläň näme üçin agyrmaýanyna magat gözüň ýeter. Bu gün hepdäniň ikinji güni, sişenbe -diýipdir.

Haýat

Bir gezek iki ülpet toýa baryp, kekirdegine gelýänçä arak içipdir. Il deňinde olar-da saçak başyndan turup gaýdypdyr. Serhoşlykdan ýaňa aýak üstünde durup bilmeýändikleri üçin olaryň biri haýada ýaplanyp ýöräpdir.

Beýlekiniň haýada ýaplanyp ýöremäge-de rowagaty (kuwwaty) bolmany üçin onuň gapdaly bilen emedekläpdir. Haýada ýaplanyp ýöreýän “Mugt arak “ diýip, çeniňi bilmän içdiň. Indem ýöräp bilmän emedekläp gelýäň. Utan!” diýipdir. Emedekläp gelýän:

-Haýat gutarsyn, onsoň seňem kimdigiň aýan-äşgär bolar -diýipdir.

Çöplän, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG