Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran: Sülçiniň ölümi boýunça 3 adam tutuldy


Eýranyň resmileri şu aýyň başynda Sistan-Baluçistan welaýatynda ýerli bir prokurory öldürmekde aýyplap üç adamy tussag etdiler.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, güman edilýän jenaýatçylaryň üçüsi geçirilen ýörite operasiýanyň çäginde ele salynypdyrlar.

Zabol şäheriniň prokurory Musa Nouri 6-njy noýabrda näbelli hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürilipdi.

Sistan-Baluçistan welaýaty Owganystan bilen serhetde ýerleşýär. Bu sebitde aglaba sünni musulmanlary ýaşaýarlar.
XS
SM
MD
LG