Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda 12 tussag öldürildi


Yrakda terrorçylyk aýyplamalary esasynda 12 tussag jezalandyrylyp öldürildi.

Günbatar habar serişdeleri Adalat ministrligiň resmileriniň maglumatyna salgylanyp şol 12 tussagyň ýekşenbe güni öldürilendigini aýdýarlar.

Yragyň resmileri öldürilen 12 tussagyň şahsyýeti ýa-da olaryň anyk etmişi barada goşmaça maglumat bermedi.

Yrakda şu ýylyň dowamynda 144 adam jezalandyrylyp öldürildi. Bu görkeziji geçen ýyl 129 adama deň bolupdy.

Yragyň tussaglary jezalandyryp öldürmegini Ýewropa Bileleşigi, ABŞ, BMG we adam hukuklaryny goraýjy toparlar hem tankytlapdylar.
XS
SM
MD
LG