Sepleriň elýeterliligi

Nepal: Konstitusion Assambleýa saýlanýar


Nepallylar ýurduň täze Konstitusiýasyny düzmeli Konstitusion Assambleýasyny saýlamak üçin ses berýärler.

Sişenbe güni geçirilýän saýlawlarda 100-den gowrak syýasy partiýanyň wekilleri we garaşsyz ekspertler özara bäsleşýärler.

2008-nji ýylda saýlanan Assambleýa, syýasy partiýalaryň arasyndaky häkimiýet dawasy sebäpli, ýurduň Konstitusiýany täzeden taýýarlap bilmändi.

601 adamdan ybarat Assambleýanyň düzümine girmek üçin ozalky premýer-ministrler, ýokary derejeli resmiler, öňki kommunist liderleri dagy dalaş edýärler.
XS
SM
MD
LG