Sepleriň elýeterliligi

Ankara söweşijileri goldamaýar


Türkiýe Siriýada göreşýän daşary ýurtly söweşijileri goldamaýandygyny, emma olaryň ýurduň serhedinden Siriýa geçmegini hem saklap bilmeýändigini aýdýar.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Waşingtonda çykyş edip, Ankaranyň söweşijileri goldamaýandygyny belledi.

Şol bir wagda, Dawutogly Siriýa bilen bar bolan müň kilometrlik serhedine hem doly gözegçilik edip bilmeýändigini nygtap geçdi.

Bu aralykda ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel bir ýylyň içinde Waşingtonyň Türkiýede has köp “Patriot” raketa ulgamlaryny hem ýerleşdirjekdigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG