Sepleriň elýeterliligi

Dodonow: Balkana haltalap suw daşarsyň diýlipdi


Garagum çöli

Garagum çöli

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda gowaça derek iýmlik däne, ot we bakja önümlerini ýetişdirmek planlaşdyrylýar. Resmi maglumatlarda bu kararyň sebäpleri regionyň howasynyň we topragynyň aýratynlyklarynyň gowaça üçin amatsyzdygy bilen baglanyşdyrylýar. Balkanda mundan beýläk planlaşdyrylýan ekinçiligiň üstünlikli bolmagy üçin şertler barmy?

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň ozalky suw-hojalygy ministri Aleksandr Dodonow bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Balkan welaýatynda öň gowaça ekilen ýerlerinde iýmlik däne we bakja önümlerini ýetişdirmek mümkinmi?

Aleksandr Dodonow: Bu öňden bäri edilmeli işdi. Men hem öz döwründe Balkanda köp suwy talap edýän pagtadan el çekip, az möçberdäki suw bilen ýetişdirilýän önümleri ekmegi teklip edipdim.

Azatlyk Radiosy: Balkanda pagtanyň gowy hasyl bermeýändigi topragyň ýa howanyň aýratynlygyna bagly dälmi?

Aleksandr Dodonow: Bu ýeriň topragynda her hili önümleri ýetişdirmäge mümkinçilik bar. Aslynda Balkanyň topragy önümli hasaplanýar. Pagta önümçiligine degişli esasy kynçylyk mydama suw ýetmezçiligi bilen baglydy. Däne ekinçiligi üçin hem köp suw gerek bolýar. Bu region maldarçylyk üçin amatly bolansoň, bu ýerde iýmlik dänäniň we mal otunyň ekilmegi has dogry bolar.

Azatlyk Radiosy: Öň pagta önümçiligi üçin ulanylan toprakda beýleki ekinleri ýetişdirip bolýarmy?

Aleksandr Dodonow: Pagtadan soň köp zady ekip bolýar. Ekin dolanyşygy diýilýän düşünje bar. Birnäçe ýyllap pagta ekilen meýdanlara soň iýmlik däne ýa-da mal oty ýörite ekilýär. Meniň pikirime görä, Balkanda ýorunja, arpa ýaly iýmlik otlary we däneli ösümlikleri ösdürmek iň amatly bolardy. Bu mal üçin iýim bolup, regionda maldarçylygyň ösüşine itergi berip bilerdi.

Azatlyk Radiosy: Aleksandr Dmitriýewiç, Siz Balkan regionynda ekerançylyk üçin esasy kynçylygyň suwuň ýetmezçiligi bilen baglydygyny aýtdyňyz. Bu ýerde suwuň ýetmezçiligine näme sebäp bolýar?

Aleksandr Dodonow: Sebäbi Garagum kanaly doly işe girizilmedi. Ol giňeldilmelidi. Soňky ýyllarda bu ugurdan nähili işleriň geçirilendigi maňa mälim däl. Men Suw-hojalygy ministrligine ýolbaşçy bolan döwrümde bu işi ýerine ýetirmek üçin pul bermediler. 1997-nji ýylyň tomsunda Saparmyrat Nyýazow maňa pagtany suwarmak üçin “suwy haltalap daşarsyň” diýipdi.

Azatlyk Radiosy: Balkanda suw problemasynyň çözgüdine näme päsgel berýär?

Aleksandr Dodonow: Bu diňe ýurduň hökümetiniň we baş ýolbaşçysynyň islegine bagly. Býujetden [bu işe] pul goýbermeli. Ýurtda halk üçin peýdasyz köşklere sarp edilýän pullaryň iň bärkisi ondan bir bölegine-de Türkmenistanyň günbatar regionyny suw bilen doly üpjün edip bolardy.
XS
SM
MD
LG