Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Uçar heläkçiligi regional gatnawlara ünsi çekdi


Kazanyň aeroporty, 18-nji noýabr, 2013.
Kazanyň aeroporty, 18-nji noýabr, 2013.
Orsýetli sülçüler Tatarystanda 50 adamyň ölümine getiren pajygaly uçar heläkçiliginiň sebäplerini derňeýärler.

Tatarystanyň raýatlary paýtagt Kazandaky uçar heläkçiliginde wepat bolan 50 adamy hatyralap, ýas tutýarlar. Pajygaly waka Orsýetiň içerki gatnawlarynda ulanylýan howa gämileriniň howpsuzlyk meselelerine ünsi çekdi.

Ýekşenbe güni, 17-nji noýabrda, "Tatarystan howaýollaryna” degişli Boing 737 kysymly uçary Kazanyň aeroportuna gonjak wagty heläkçilige uçrady. Munuň netijesinde howa gämisindäki ähli ýolagçylar wepat boldular.

Derňewçileriň aýtmaklaryna görä, Moskwanyň aeroportundan howa galan uçar Kazanyň aeroportuna gonmak üçin ikinji synanyşykda şowsuzlyga uçraýar we gürrüňi edilýän pajygaly waka bolýar.

Häzirki wagtda derňewçiler uçarmanyň goýberen säwliklerini seljerýärler we tehniki näsazlyklary öwrenýärler, şeýle-de olar uçaryň guratdygyny ýa-da däldigini barlaýarlar.

Nägilelik

Duşenbe güni ýas tutmak çäresine gatnaşanlaryň arasynda "Tatarystan howaýollary” kompaniýasyna we Orsýetiň awiasiýa resmilerine agyr sözler bilen ýüzlenenler boldy. Ýas tutmak çäresine gatnaşan Dmitriý şeýle gürrüň berýär: "Bu ýagdaýy göz öňüne-de getirmek kyn. Bu elhenç, bu diňe elhenç. Men howa gämileriniň guratlygyny gözden geçirýän jogapkär resmilere ýatladasym gelýär, ýagny eger uçarda näsazlyk bar bolsa, şeýle uçarlaryň ulanylmagy üçin hat bermeli däl, bu ýagdaýy hemme bilýär-ä. Biziň milli awiasiýamyzyň nähili ýagdaýdadygyny hemmeler bilýär-ä! Şonuň üçin meselä beýleki bir tarapdan çemeleşseň, bu ýagdaý garaşylmadyk ýagdaý däl. Ýöne bir topar adam öldi, şoňa gynanýaň!”

Häzirki wagtda howa gatnawlarynyň howpsuzlygy bütin dünýäde halkara derejesinde ýokarlanýar. Ýagdaý bütin dünýäde şeýle bolsa-da, “Halkara howa gatnawlary bileleşiginiň” berýän maglumatlaryna görä, geçen ýylyň dowamynda Orsýetiň howa gatnawlarynda amala aşan heläkçilikleriň sany köpelipdir.

Agzalýan bileleşigiň berýän maglumatlaryna görä, Orsýetde we ozalky Sowet Soýuzynyň düzümindäki döwletlerde howa gatnawlarynyň howpsuzlygyna üns berilmeýär we bu meselede gürrüňi edilýän döwletlerde howa gatnawlary iň ýaramaz şertlerde amala aşyrylýar. Şol döwletlerde 2011-nji ýylda bolup geçen uçar heläkçiliklerini bütin dünýädeki howa gatnawlarynyň heläkçilikleri bilen deňeşdireniňde agzalýan ýurtlarda beýleki döwletlerden üç esse köp heläkçilik bolup geçipdir.

Sowet Soýuzy darganyndan soň Orsýetiň dürli künjeklerinde kiçi göwrümli howa gämileri peýda bolup başlady. Ýerli “howaýollary” pudagynda “Aeroflot” kompaniýasynyň monopoliýasy bar. Hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, kiçeňräk kompaniýalaryň käbirleri üçin esasy mesele howpsuzlyk däl-de, pul.

Kemçilikler

Uçarmanlaryň ýeterlik derejede türgünleşdirilmezlikleri we könelişen uçarlaryň ulanylmagy howpsuzlyga täsir edýän beýleki käbir faktorlardyr.

Orsýetiň “Wzlýot” atly awiasiýa neşiriniň redaktory Andreý Fomin orsýetli awiasiýa resmileriniň ýagdaýy gowulandyrmak üçin elinde baryny aýaman zähmet çekýändiklerini aýdýar: “Hyzmatyň hiliniň ýagdaýyny ýokarlandyrmaga degişli işleriň ählisi babatda ýurduň awiasiýa häkimiýetleri elinde baryny gaýgyranoklar. ”Tatarystan howaýollary” kompaniýasyna hem, ýurduň beýleki içerki “howaýollary” kompaniýalary ýaly, ”Rosawiasiýa” edarasynyň federal we ýerli organlary gözegçilik edýärler. Ýöne her bir uçarmanyň ýa-da tehnigiň her bir hereketini gözegçilikde saklamak mümkin däl. Säwlikler bolup bilýär.”

Muňa garamazdan, Kazanyň halky “Tatarystan howaýollary” kompaniýasyna iň bir garyp hem-de bergä batan kompaniýa hökmünde baha berýärler we kompaniýanyň köne hem-de howply uçarlary ulanýandygyny aýdýarlar.

Tatarystanyň ozalky prezidenti Mintimer Şaýmyýewiň metbugat wekili bolup işlän garaşsyz žurnalist Irek Murtaziniň aýtmagyna görä, şeýle howaýollary kompaniýasynyň howa gatnawlaryny amala aşyrmagyna asla rugsat etmeli däl.

Ol bu barada şeýle diýýär: “Soňky bäş ýylyň içinde bu kompaniýa bäş sany müdir çalyşdy. Howaýollary kompaniýasynyň ýagdaýy gaty gözgyny. Hakyna seredeniňde, şeýle kompaniýalaryň howa gatnawlaryny amala aşyrmagyna rugsat berilmeli däl. Agzalýan kompaniýa Tatarystanyň ýolbaşçylary üçin “köşk kärhanasy” bolup hyzmat etdi.”

“Tatarystan howaýollary” özüniň çagşan Boeing 737 kysymly uçarlaryny “Airbus 319” bilen çalşyp başlapdy, ýöne şonda-da olar özleriniň göwşüllän Boeingleriniň ýagdaýlarynyň gowudygyny aýdyp, aýak diräpdiler we şeýlelikde gatnawlaryň arasynda bejerip, olary ulanmaklaryny dowam etdirdiler.

Heläkçilige uçran uçaryň taryhy

Iki sany ýolagçy özleriniň ýekşenbe güni irden Kazandan Moskwa şol uçarda gelendiklerini aýtdy. Ors mediasy olaryň gürrüňini “şonda uçar Moskwanyň aeroportuna gonanda titräp, üýtgeşik ses çykarypdyr” diýip berdi.

Heläk bolan uçar 23 ýyl mundan ozal ýasalypdyr we Uganda, Rumyniýa, Braziliýa we Bolgariýa ýaly ýurtaryň howaýollary kompaniýalary bilen bir hatarda ýedi sany dürli howaýollary kompaniýalaryna hyzmat edipdir we ahyrsoňy 2008-nji ýylda "Tatarystan howaýollary” kompaniýasyna getirilipdir.

2001-nji ýylda Braziliýada ýere gonjak bolanda, bu uçara zyýan ýetipdir, ýöne ol wakada hiç kime hiç zat bolmandyr.

Ýekşenbe güni Kazanda bolan pajygaly heläkçilik mundan iki ýyl ozal Tatarystanyň çaginde bolan gämi heläkçiligini ýada saldy. Şonda “Bulgariýa” atly syýahatçy gatnadýan gämi suwda gark bolup, 122 adam wepat bolupdy.

Tatarystanyň ozalky prezidenti Mintimer Şaýmyýewiň metbugat wekili bolup işlän garaşsyz žurnalist Irek Murtazin öz sözüni şeýle jemleýär: “Aslynda ‘Bulgariýa’ diýlip atlandyrylan gämi heläkçilgi bu ýurtda uçarda ýa-da gämide syýahat etmeli däldigine berlen duýduryşdy. Gynansagam, bu duýduryşa gulak asylmady we, ynha-da, netijesi. Tutuş ýurt ýas tutýar.”
XS
SM
MD
LG