Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Timoşenko degişli çekeleşik yza tesdirildi


Ukrainanyň parlamentiniň oppozision deputatlary, Timoşenkonyň suraty çekilen geýimli, Kiýew, 19-njy noýabr, 2013.
Ukrainanyň parlamentiniň oppozision deputatlary, Timoşenkonyň suraty çekilen geýimli, Kiýew, 19-njy noýabr, 2013.
Ukrainanyň parlamenti soňky döwürde agza-dile düşen bir kanunyň taslamasy boýunça çekeleşikleri yza tesdirdi. Bu kanunyň kabul edilmegi öňki premýer-ministr häzir tussaglykda saklanýan Ýuliýa Timoşenkonyň saglygynyň ýurduň daşynda bejerilmegine mümkinçilik dörederdi.

Ýewropa Bileleşigi Timoşenkonyň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanyp, tussag edilmegine ýurduň adalat sistemasynyň jezalandyryş guraly hökmünde ulanylmagynyň mysaly hökmünde garaýar. Ýewropa Bileleşigi 28-29-njy noýabrda Wilnýusda boljak Gündogar Partnýorlygynyň sammitiniň öňüsyrasynda Ukrainada şeýle tejribeleriň adalat we demokratik reformalar arkaly ýok edilmegini isleýär.

Ýewropa Bileleşigi Wilnýusda boljak sammitde Kiýew bilen bileleşmek barada ylalaşyga gol çekmek üçin Ukrainada demokratik reformalaryň geçirilmegini we Ýuliýa Timoşenkonyň Germaniýada öz saglygyny bejertmegi üçin mümkinçilik döredilmegini talap etdi.

Penşenbe güni garalar

Sişenbe güni Ukrainanyň parlamentiniň spikeri Wolodymyr Rybak kanunçykaryjylar tarapyndan Timoşenkonyň daşary ýurda gitmegine rugsat bermek boýunça kanunyň taslamasyna Ýewropa Bileleşiginiň talap edýän beýleki kanunlary bilen bilelikde penşenbe güni garaljakdygyny mälim etdi.

Parlamentiň bu meselä sişenbe güni garamagyna garaşylypdy. Garaşylýan diskussiýalar agzalan kanun boýunça ylalşyga gelinmänsoň, geçen hepdede hem yza tesdirilipdi.

Duşenbe güni ÝB-niň daşary işler ministrleri Ukraina wagtyň gutaryp barýandygyny duýdurdylar.

Timoşenko 2011-nji ýylda ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi. Timoşenkonyň tarapdarlary onuň tussaglygyny syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrýarlar we prezident Ýanukowiçiň 2015-nji ýylda boljak prezidentlik saýlawlarynyň öňüsyrasynda Timoşenkony syýasatdan çetleşdirmäge çalyşýar diýýärler.

Syýasy bäsdeşlik we barlyşyk

2010-njy ýylyň prezidentlik saýlawlarynda Ýanukowiç kynlyk bilen Timoşenkodan üstün çykypdy.

Ukrainanyň parlamentiniň sişenbe günki maslahatynyň öňüsyrasynda oppozisiýanyň lideri Arseniý Ýatsenýuk parlamentde agzalýan kanun meselesinde emele gelen durgunlygy aradan aýyrmak üçin Ýanukowiçi bu işe goşulyşmaga çagyrdy. Ýatsenýuk Ýanukowiçiň “Regionlar partiýasy” Ukrainanyň Ýewropa bilen “bileleşmek prosesini haýallatmaly däl” diýdi.

Sişenbe güni Ýewropa Bileleşigi öz goňşular bilen aragatnaşyk syýasaty boýunça ýokary derejeli wekili Stefan Fueleni Kiýewe iberdi. Fueleniň prezident Ýanukowiç bilen duşuşmagyna we barlyşyk üçin ýol gözlemegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG