Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mäne we Çäçe suwsuz kösenýär


Suw daşalýan awtoulag, Aşgabat
Suw daşalýan awtoulag, Aşgabat
Mäne we Çäçe obalary Aşgabatdan 270 km uzaklykda ýerleşýär. Ilaty girdejisi babatda, umuman oba hojalygyna bil baglaýan bu obalarda, Türkmenistan garaşsyzlygyna gowşaly bäri o diýen uýtgän zat ýok. Bu meselede, esasanam, olaryň agyz suwy bilen üpjünçiligi hakda gürrüň etmek mümkin.

Oýlere agyz suwuny akdyrýan ýörite suwgeçiriji turbalar bolmansoň, bu iki oba içimlik suw henizem ýörite suw daşalýan awtoulaglar bilen getirilip, her bir hojalygyň howlusyndaky ýörite suw saklanýan howuzlara guýulýar. Bu maksat üçin obada 10 töweregi suw daşaýan ýörite awtoulaglar bar.

Olar suwy Mäne obasynyň 15 kilometr golaýyndaky Garagum kanalyndan ekin meýdanlary suwarmak üçin niýetlenen suwdan alýarlar. Şeýle-de bu obalara içimlik suw Mäne obasyndan 3 kilometr uzaklykdaky skwažinalardan hem getirilýär.

Suw söwdasy gyzyşýar

Skwažinadan getirilýän suw ajy bolansoň, onuň 4 tonnasynyň bahasy 14 manat bolup, kanal suwunyň şonça möçberdäkisiniň bahasy bolsa 50 manada durýar.

Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, Mäne obasynyň içinde hem 3-4 sany suw skwažinalary gazylypdyr. Bu skwažinalardan alynýan suw, esasan, obanyň ýaşaýjylarynyň hususy mellek ýerlerini suwarmak üçin ulanylýar. Bu suwdan nobat boýunça peýdalanylýar.

“Ýörite mirap bolup, ol bu suwdan peýdalanylşyna gözegçilik edýär. Mellegi bir gezek suwarmak üçin 4 manat tölemeli. Ýöne bu nobat boýunça, mellegi ýylda 3-4 gezekden köp suwaryp bolmaýar” diýip, bu obanyň ýaşaýjysy 58 ýaşly Sapar gürrüň berýär.

Onuň aýtmagyna görä, Eýran tarapdan Mäne-Çäçe jaryndan hem suw akyp gelýär. Jardan akýan suwdan sowet döwründe bu obalaryň ýaşaýjylarynyň öz melleklerini suwarmaga mümkinçilikleri bolupdyr. Emma, häzir bu jardan gelýän suw bugdaý ekilen meýdanlary suwarmak üçin ulanylýar. Bu hem obanyň hususy mellekleriniň guramagyna getiripdir.

“Ýerli ýolbaşçylar jardan gelýän suwy bugdaý ekinini suwarmak üçin ulanyp başlansoňlar obamyzdaky mellekler gurady. Skwažinadan alynýan we nobatlaýyn berilýän suw bolsa ýeterlik däl” diýip, mäneli Sapar gürrüň berýär.

Gaz hem çyra

Mäne we Çäçe obalylarynyň suw bilen üpjünçiligindäki problemalaryndan başga-da, bu iki obanyň ýurtda mugt berilýär diýilýän elektrik togy we gaz bilen üpjünçiliginde hem kemçilikler bar. Bu iki obanyň ýaşaýjylarynyň aýtmaklaryna görä, diňe öten ýyl gaz bilen üpjünçilik birneme kadalaşypdyr.

“Şondan öň gaz örän pesdi. Ýöne häzirem käwagt gaz peselýär” diýip, Mäne obasynyň ýaşaýjysy 45 ýaşly Ýakup aýdýar. Emma, elektrik togy her gün iň bolmanda bir gezek öçýär.

Mäne we Çäçe obalarynyň hersinde näçe adamyň ýaşaýandygy baradaky resmi maglumaty tapmak başartmady. Ýöne bu obalaryň hersinde 1000-den gowrak hojalygyň ýaşaýandygyny ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG