Sepleriň elýeterliligi

Ermeni, azeri liderleri ýene duşuşar


Birleşen Ştatlar Azerbaýjanyň we Ermenistanyň prezidentlerine iki ýyla golaý wagtdan soň geçiren ilkinji duşuşyklary üçin gowy baha berdi.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň ýaýradan beýanatynda “gepleşikleriň gaýtadan başlamagy üçin sişenbe güni Wenada geçirlen sammitiň möhüm wakadygy” bellenilýär. Şeýle-de, beýanatda “Bu ädim iki ýurduň liderleriniň Daglyk-Garabag konfliktiniň soňuna ýetmek üçin bilelikdäki yhlasyny görkezýär” diýilýär.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisiýan we Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Minsk toparynyň howandarlygynda duşuşdylar. Şeýle-de bu topara Fransiýa, Russiýa we Birleşen Ştatlary ýolbaşçylyk edýär.

Duşuşykdan soň, Minsk topary Sarkisiýanyň we Alyýewiň parahatçylygy sazlaşdyrmak ugurunda gepleşikleri geçirmek we ýakyn geljekde gaýtadan duşuşmak barada ylalaşandyklaryny aýtdy.
XS
SM
MD
LG