Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Partlamalarda 21 adam öldi


Çarşenbe güni Bagdatda bolan bomba partlamalarynda azyndan 21 adam öldi we onlarçasy ýaralandy. Partlamalaryň aglabasy şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan territoriýasynda ýüze çykdy.

Yragyň polisiýa resmileriniň berýän maglumatyna görä, hüjümleriň biri Sadria etrapçasynyň merkezinde bolupdyr. Bazarda bolan bu partlamada söwda edýän bäş adam öldi we başga-da ençemesi ýaralandy.

Bomba hüjümleriniň beýlekileri Şaab, Tobçi, Karrada, Azamiýah we Amil etrapçalarynda amala aşyryldy.

Şu ýylyň aprel aýynda Yragyň demirgazygyndaky sünnileriň protest geçirýän lagerine gazaply howpsuzlyk reýdleri geçirileni bäri, ýurtda ýowuzlyklar barha möwjeýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä, şondan bäri Yrakda 5 müň 500-den gowrak adam heläk bolupdyr.
XS
SM
MD
LG