Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kennedi: 50 ýyldan soňam bu ölüm syrly bolup galýar


Li Harweý Oswald. 30-njy oktýabr, 1959 ý.
Li Harweý Oswald. 30-njy oktýabr, 1959 ý.
50 ýyl mundan ozalky sene – 1963-nji ýylyň 22-nji noýabry – entegem adamlaryň hakydasyndan çykanok. Sowuk urşuň iň ýitileşen döwri ABŞ-nyň prezidenti John F. Kennedy Tehas ştatynyň Dallas şäherinde atylyp öldürilýär.

Bu habary radiodan eşiden amerikalylaryň köpüsi öz gözýaşlaryny saklajak hem bolmandylar. Käbirleri hatda muny ýurda edilýän hüjümiň başy hökmünde hem häsiýetlendirdiler.

46 ýaşly prezident ýarym sagadyň içinde jan berdi. Şaýatlar prezidenti atan mergeni görendiklerini aýdyp, onuň keşbini polisiýa habar berýärler. Soňky 1,5 sagadyň içinde güman edilýän jenaýatçy Li Harweý Oswald bir polisiýa işgärini atyp öldürýär, soňra-da ol bir kinoteatryň içinde gizlenip otyrka, ele salynýar.

Oswald Minskde: Li Harweý Oswaldy tanaýan belaruslylar ol barada gürrüň berýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:08:03 0:00

Ozalky harby pyýada goşunyň esgeri bolan 24 ýaşly Oswald 1959-njy ýylda Sowet Soýuzyna göçüp, 1962-nji ýylda yzyna – ABŞ-a gaýdyp barýar. Ol tussag edilenden soň, özüniň günäkär däldigini aýtsa-da, laboratoriý testleri onuň özündäki ýaragdan ok atandygyny subut edýär.

Iki günden soň nobatdaky garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykýar. Oswaldyň özi ýaragly hüjümiň pidasy bolýar. Gijeki klublaryň biriniň eýesi, 52 ýaşly Jak Ruby ony atyp öldürýär.

Oswald nämeden ugur alyp hereket etdikä? Ol ýekemidi? Onuň Sowet Soýuzy ýa-da jenaýatçylykly toparlar bilen dildüwşügi barmydy? Rubynyň bu işde nähili orny bar? Bu soraglara hiç kim anyk jogap berip bilmese gerek. Sebäbi üç ýyldan soň Ruby hem türmede öýkenindäki rak sebäpli aradan çykypdy.

Kennediniň ölümi ençeme gezek derňeldi. Hökümetiň bellän Warren komissiýasy 1964-nji ýylda Oswaldyň ýeke özüniň hereket edendigi barada netije çykardy.

Millionlarça amerikalylar üçin bu soragyň jogaby henize çenli-de açyklygyna galýar. AP habar agentliginiň şu ýylky geçiren pikir soralyşygyna gatnaşyjylaryň 59%-i Kennediniň dildüwşük esasynda öldürilendigine ynanýandyklaryny aýtdylar.
XS
SM
MD
LG