Sepleriň elýeterliligi

Malala Saharow baýragy gowşuryldy


Pakistanly bilim aktiwisti Malala Ýusufzaýa Ýewropa parlamentiniň 2013-nji ýyl boýunça Saharow adyndaky baýragy gowşuryldy.

Ol baýragy almagyň “uly abraýdygyny” we onuň özüniň bilim ugrundaky tagallalaryny dowam etdirmäge höweslendirýändigini aýtdy.

16 ýaşyndaky aktiwist gyzlaryň okamagy ugrunda alyp baran göreşi üçin oktýabr aýynda bu baýragyň laureaty diýip yglan edilipdi.

Malala 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda mekdepden öýüne gaýdyp barýarka “Talyban” tarapyndan kellesinden atylypdy.

Oňa hüjüm edilmezinden ozal, ol “Talybanyň” basyşlary esasynda ýaşamak we gyzlaryň bilime bolan zerurlygy barada BBC korporasiýasyna blog ýazýardy.

Ýewropa parlamentiniň Saharow adyndaky baýragy bilen birlikde 50 müň ýewro, ýagny 65 müň amerikan dollary möçberinde pul sylagy hem gowşurylýar. Bu baýrak söz azatlygyny we adam hukuklaryny gorap çykyş edenlere berilýär.
XS
SM
MD
LG