Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Himiki ýaraglar deňizde ýok edilip bilner


Dünýäniň himiki ýaraglaryna gözegçilik edýän synçylar döwletleriň hiç biri Siriýanyň zäherli gazynyň we nerw ysmazy edýän maddalarynyň zapasyny ýok etmäge gatnaşmasa, onda bu proses deňizde amala aşyrlyp biliner diýdi.

Himiki ýaraglary gadagan edýän gurama 2014-nji ýylyň ortalaryna çenli Siriýanyň himiki ýaraglarynyň 1300 tonnasyny ýok etmäge borçly edildi. Ýöne Albaniýa, Belgiýa, Norwegiýa we Daniýa bu prosesiň öz ýurtlarynda amala aşyrylmagyna rugsat bermejekdiklerini mälim etdiler.

Daniýanyň resmileri Siriýanyň himiki maddalarynyň zapasyny ýok edilmeli ýerine çenli alyp gitmäge kömek etmegi teklip etdi.

Gürrüňi edilýän guramanyň metbugat wekili Kristian Şartýeriň sözlerine görä, himiki ýaraglar gämide ýa-da ýüzýän buraw desgasynda ýok edilip bilner.

Himiki ýaraglaryň nirede ýok ediljekdigi barada soňky netije 17-nji dekabrda mälim ediler.
XS
SM
MD
LG