Sepleriň elýeterliligi

Eýran: Ýadro gepleşikleri başlady


Ženewada dünýäniň iň täsirli alty ýurdunyň we Eýranyň gatnaşmagynda Tähranyň ýadro programmasy boýunça halkara gepleşikleriň täze tapgyry başlandy. Mundan ozal Eýranyň baş ruhany lideri Aýatollah Ali Hameneýi yslam respublikasy özüniň ýadro hukuklaryndan “bir ädim” yza çekilmez diýdi.

Hameneýi telewizorda eden çykyşynda dünýäniň iň täsirli döwletleriniň yslam respublikasynyň “gyzyl çyzygyna” hormat goýmalydygyny sözüne goşdy.

Ženewada geçýän gepleşiklerde Eýranyň dawaly ýadro meselesi barada alty aý içinde yza ädim ätmegi ýa-da ony soňa goýmagy üçin ylalaşyga gelinmäge tagalla edilýär. Ylalaşyga gelnen ýagdaýda Günbatar Eýrana girizen sanksiýalaryny ýeňilleşdirer.

Günbatar Eýranyň urany baýlaşdyrmagy 20% azaltmagyny isleýär. Şeýle-de, Günbatar döwletleri Eýranyň ýadro ýaraglaryny özleşdirýändigini aýdýarlar. Eýran bolsa özüniň ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlar üçindigini nygtaýar.
XS
SM
MD
LG