Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran bilen ýadro gepleşikleri täze tapgyrda


Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilýän gepleşiklere barýar, Ženewa, 20-nji noýabr, 2013
Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif ýapyk gapylaryň aňrysynda geçirilýän gepleşiklere barýar, Ženewa, 20-nji noýabr, 2013
Eýran we dünýäniň iň täsirli alty ýurdy Tähranyň ýadro programmasy boýunça gepleşikleriň nobatdaky tapgyryna başladylar.

Ženewada geçirilýän gepleşikleriň esasy maksady Eýranyň ýadro programmasy boýunça alyp barýan işlerini ýarym ýyllyk togtatmagyny gazanmak. Günbatar Eýrana garşy girizilen käbir sanksiýalary gowşatmagy wada berýär.

Ýadro programmasy

Günbatar döwletleri Eýranyň urany baýlaşdyrmak boýunça alyp barýan işlerini 20% çäklendirmegini isleýärler.

Şeýle-de olar Eýranyň günbatarynda ýerleşýän Arak şäherinde reaktoryň gurulmagyndan aladalanma bildirýärler. Bu ýerde öndüriljek plutoniý serişdesi ýadro ýaragyny ýasamak üçin ulanylyp bilinýär.

Günbatar döwletleri Eýranyň ýadro ýaragyny döretmäge çalyşýandygyny aýdýarlar, Tähran bolsa öz ýadro programmasynyň parahatçylykly maksatlara gönükdirilýändigini aýdýar.

Eýranyň baş lideri aýatolla Ali Hamenei Ženewadaky gepleşikleriň başlanmagynyň öňüsyrasynda çarşenbe güni irden Tähranda eden çykyşynda eýran halkynyň öz hak-hukuklaryndan sähelçe-de el çekmejegini ýene-de duýdurdy.

Diplomatik tagallalar

Taraplar on gün mundan ozal Ženewada geçiren ozalky gepleşiklerinde ylalaşyga gelip bilmändiler.

Şol bir wagtda-da gepleşikleriň täze tapgyrynyň öňüsyrasynda taraplaryň arasynda ylalaşygyň gazanylmagyna bildirilýän umytlar güýçlenipdi. Pursatdan peýdalanmak üçin ýurtlaryň diplomatiýa taýdan aktiwligi hem güýçlendi.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Waşingtonda biznes liderleriniň forumynda eden çykyşynda taraplaryň gepleşiklere çynlakaý çemeleşýändiklerini belledi. Obama halkara sanksiýalarynyň netijeli bolup, Tährany özünde ýadro ýaragyny ýasamak niýetiň ýokdugyna halkara jemgyýetçiligini ynandyrmak üçin gepleşiklere başlamaga mejbur edendigini belledi.

Şeýle-de Barak Obama sişenbe güni ABŞ-nyň senatorlaryny Eýrana garşy sanksiýalary güýçlendirmek meselesini yza tesdirmäge çagyrdy. Obama ABŞ-nyň baş kanunçykaryjylary bilen sişenbe güni Ak tamda duşuşdy.

Sişenbe güni Britaniýanyň premýer-ministri Dawid Kameron Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen gepleşdi. Bu iki ýurduň liderleriniň arasynda on ýyldan gowrak döwrüň dowamynda geçirilen ilkinji gepleşik boldy.

Kameron Eýranyň öz ýadro programmasyna halkara jemgyýetçiliginiň bildirýän aladalaryna Tähranyň çynlakaý çemeleşmelidigini aýratyn nygtady we bu meselede aýdyňlygyň zerurdygyny belledi.

Eýranyň ýadro programmasynyň üstünde alyp barýan işlerini alty aýlyk togtatmagyny gazanmak we ýurda garşy girizilen sanksiýalaryň gowşadylmagy barada ylalaşyga gelmek boýunça edilýän tagallalaryň taraplaryň arasynda bir-birine ynamyň güýçlenmegine we netijede Eýranyň ýadro krizisiniň gutarnykly çözülmegine gönükdirilýändigi aýdylýar.

Eýran bilen gepleşiklere ABŞ, Orsýet, Hytaý, Britaniýa we Germaniýa gatnaşýarlar.
XS
SM
MD
LG