Sepleriň elýeterliligi

Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen türkmen ýaşlarynyň köpüsi türkmen döwletiniň taryhy, onuň döreýşiniň gözbaşynda duran görnükli adamlar barada kän zat bilmeýändiklerini, sebäbi esasan Türkmenbaşy barada ýazylan zatlary okamaly bolandyklaryny aýdýarlar.

Şol bir wagtda, ozalky prezident S.Nyýazowyň şahsyýet kultunyň dabaralandyrylan ýyllarynda dikilen ýadygärlikler ýuwaşlyk bilen azaldylýar. Emma "Türkmenbaşy" döwründe ýykylan, ýok edilen ýadygärlikler, hususan-da şu günki garaşsyz Türkmenistanyň döredilmeginiň gözbaşynda duran, stalinçilik repressiýanyň pidasy edilen görnükli türkmen syýasatçylary G.Atabaýewiň, N.Aýtakowyň ýadygärlikleri dikeldilmeýär.

Ýogsa prezident G.Berdimuhamedoow häkimiýet başyna gelende bu adamlaryň taryhy hyzmatyna dogry baha bermek barada gürrüň edipdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada, hususan-da N.Aýtakowyň türkmen taryhyndaky orny barada aşgabatly ýazyjy A.Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG